Smartfon bazarynyň göwrümi çip ýetmezçiligi sebäpli ep-esli azaldy

Smartfon bazarynyň göwrümi çip ýetmezçiligi sebäpli ep-esli azaldy

2022-nji ýylyň birinji çärýeginde smartfonlaryň Ýewropa iberiliş göwrümi geçen ýylyň görkezijisi bilen deňeşdirilende 12% azaldy. Bu barada Counterpoint Research agentliginiň hasabatyna salgylanyp, “Gizmochina” neşiri habar berýär. Muny gazeta.ru ýetirýär.

Analitikleriň maglumatlaryna görä, bellenilen döwürde Ýewropa 49 mln smartfon iberildi, bu bolsa ýyllyk hasabynda 12% azdyr. Agentlik munuň 2013-nji ýyldan bäri birinji çärýek üçin iň pes görkezijidigini belleýär.

Hünärmenler ýagdaýyň ýaramazlaşmagynyň esasy sebäpleri hökmünde ýarym geçiriji komponentleriň ýetmezçiligini, COVID-19 sebäpli Hytaýdaky lokdaunlary hem-de Ukrainada dowam edýän harby hereketleriň esasynda dünýä ykdysadyýetiniň umumy pese gaçyşyny belleýärler.

2022-nji ýylyň birinji çärýeginiň jemine görä, Ýewropada bazar paýy boýunça birinji orny Samsung brendi eýeleýär, ol umumy üpjünçiligiň 35%-ini emele getirdi. Ikinji orunda 25% netije bilen Apple ýerleşdi. Üçünji orny 14% bilen Xiaomi eýeledi. Soňra 6% we 4% bilen Oppo we Realme gelýär.

Ýene degişli makalalar

Girdeji babatda öňdeligini saklady
Bilermenler iň meşhur el telefonlaryny saýladylar
Dünýäde iň köp satylýan smartfonlar belli boldy
Hindistanda musulmanlara garşy diskurslar diskurslar artýar
Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalar
“Oppo”-nyň täze enjamlary
Idlibe howa hüjümi guraldy