Şöhraty jahana dolan dutarym

Şöhraty jahana dolan dutarym

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasynyň hem-de Gypjak, Ýasmansalyk medeniýet öýleriniň bilelikde gurnamagynda Şöhraty jahana dolan dutarym ady bilen aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzy ösdürmek ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna, Dutar saz guralynyň girizilendigi, dutar saz guraly halkymyzyň kalbyna deňeýän milli gymmatlyklarynyň biridigi, şanly taryhymyzyň döwürlerine nazar aýlanyňda, ata-babalarymyzyň dutary özleriniň ýakyn hemrasy hasaplandyklary barada belläp geçdiler.

Şeýle-de çäräniň dowamynda Gypjak medeniýet öýüniň hünärmeniniň ýerine ýetirmeginde türkmen halk sazlarynyň birnäçesi ýaňlandy.

Çäräniň ahyrynda türkmen halk sazlaryna hormat goýýan milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge giň ýol açýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen we özbek liderleriniň özara saparlarynyň täze hronologiýasy we Merkezi Aziýada integrasiýa
Azerbaýjanyň ilçihanasy Türkmenistanyň raýatlarynyň ýurda girmeginiň şertleri barada habar berdi
“Ak Depe Hyzmat” mosarella peýniriniň önümçiligini ýola goýar
“Toý toýlanýar Medeniýetiň şanyna”
“Asuda ýurdumyzyň ruhubelent nesilleri”
Magtymguly Pyragynyň döredijiligine sarpa ady bilen söhbetdeşlik geçirildi