“Toý toýlanýar Medeniýetiň şanyna”

“Toý toýlanýar Medeniýetiň şanyna”

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezileşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasy bilen Gypjak medeniýet öýüniň bilelikde gurnamagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynsybetli “Toý toýlanýar Medeniýetiň şanyna” ady bilen aýdym-sazly çäre geçirildi.

Çärede, Medeniýetiň we sungatyň hak howandary türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň medeniýet ulgamynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitlemegi bilen, halkara derejesinde milli medeniýeti we milletiň gadymdan galan mirasyny giňden wagyz etmäge, medeniýetiň milletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge aýratyn üns berilýändigi, güneşli ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni mynasybetli türkmen halkynyň bagtyýar durmuşyny üpjün edip hem-de döwletimiziň hukuk esaslaryny has-da pugtalandyryp, ýurdumyzyň her bir gününiň ösüşlere, öňdegidişliklere beslenmeginiň özeni bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, alyp barýan döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Köçelerde guralýan göçme hajathanalar raýatlarda nägilelik döredýär
Ahallylar Arkadagda gurulýan 'iň uly metjide' çykarylýan çykdajydan 'nägile bolýar'
“Asuda ýurdumyzyň ruhubelent nesilleri”
“Ak Depe Hyzmat” mosarella peýniriniň önümçiligini ýola goýar
Azerbaýjanyň ilçihanasy Türkmenistanyň raýatlarynyň ýurda girmeginiň şertleri barada habar berdi
Türkmen we özbek liderleriniň özara saparlarynyň täze hronologiýasy we Merkezi Aziýada integrasiýa