Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri “Altyn Asyr” teleýaýlymynyň “Söz mülküniň bossany” atly gepleşiginiň döredijilik topary bilen bilelikde Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň many-mazmuny, türkmen halkynyň şöhratly taryhyny, gadymy ýadygärliklerini, dünýä ýurtlary bilen söwda aragatnaşyklaryny ýaşlara giňişleýin wagyz etmek maksady bilen döredijilik duşuşygyny geçirdi.
Duşuşyga kitaphananyň hünärmenleri, ýazyjy-şahyrlar, medeniýet hem-de sungat ussatlary, halypa mugallymlar gatnaşdy.Duşuşygyň dowamynda Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy, gadymy galalar, ýadygärlikler, olar baradaky rowaýatlar barada täsirli gürrüňler edildi.
Kitaphananyň gurnan sergisi duşuşyga gatnaşanlarda aýratyn täsir galdyrdy.Sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly eserleri hem-de taryhy ýadygärliklerimiz baradaky dürli neşirler orun aldy.Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda milli medeniýetimizi, sungatymyzy, şöhratly taryhymyzy, gadymy ýadygärliklerimizi ýaş nesillere giňişleýin wagyz etmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
