Ösüşlere beslenýän, bedew batly Watanym

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 15 ýyllygy seýilgähinde Ösüşlere beslenýän, bedew batly Watanym ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Çärede “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri, ýeten sepgitleri, ösüşleri, özgerişleri hakynda söhbet etdiler. Şeýle-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasaty parahatçylyga, dünýäniň ähli ýurtlary bilen hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklary, deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendigi bilen tapawutlanýar diýip çykyşlarynda bellediler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkyny bagtly geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, belent başlarynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Teatr sahna bezeginiň gözelligi atly grafika we nakgaşlyk eserleriniň sergisi
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany
Watan biziň başymyzyň penasy, Watan nesilleriň ýürek senasy
Sungat ussatlarymyzyň halkara üstünligi
Asylly däplere ygrarlylyk
Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegi we Bir guşak bir ýol başlangyjy sebitiň halklarynyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna gönüden-göni hyzmat edýär