Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň bilelikde guramagynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanbedew batly at-myradyň mekany ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň özbaşdaklygy, şan-şöhratly ýollarynda ýetilen belent sepgitler, baky Bitaraplyk derejämiziň bütin dünýäniň ýüzünde ylalaşdyryjy merkez hökmünde belent abraýa eýe bolýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany ýylynyň adyndan belli bolşy ýaly döwletimiz ösüşleriň ak ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýandygy hakynda buýsanç bilen beýan etdiler. Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri esasynda gurnalan göçme kitap sergisi bilen tanyşdyryldy. Çäräniň ahyrynda eziz Watanymyzyň abraý-mertebesini tug deýin belentde göterip, ýagty geljege sary ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, umumyadamzat bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
