Sungatyň we döredijiligiň baýramy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Sungatyň we döredijiligiň baýramy ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen birlikde medeniýet ulgamy hem ägirt uly ösüşlere eýe bolýandygy, Türkmen medeniýeti dünýäniň iň gadymy we baý medeniýetleriniň biri bolup, ol halkyň taryhy, däp-dessurlary, sungaty we milli gymmatlyklary bilen berk baglydygy hakynda giňişleýin beýan etdiler. Şeýle-de türkmen medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan milli baýramlar, toýlar, aýdym-saz we tanslar, türkmeniň dutary we bagşyçylyk sungaty halkyň ruhy dünýäsini beýan edýändigi barada gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda medeniýetimize, sungatymyza uly hormat goýýan, milli mirasymyzy gorap saklamakda uly şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Jahanda kitap dek dost bolmaz
Kalplarda orun alan akyldar şahyr
Medeniýet sözünden döwür gülleýär
Milli medeniýetiň ösen zamany, arzuwlaryň hasyl boldy Pyragy
Medeniýetiň, döredijiligiň mekanydyr bu Diýar
Medeniýetiň, sungatyňmekanydyr bu Diýar