Medeniýetiň, döredijiligiň mekanydyr bu Diýar

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Ylham” seýilgähinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Medeniýetiň, döredijiligiň mekanydyr bu Diýar ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Çärede çykyş edenler bedew bady bilen ösüşlere beslenýän Watanymyzda medeniýetiň we sungatyň döwrebap ösýän döwründe, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny döwrebap eserler bilen baýlaşdyrmaga, milli mirasymyzy, gadymy gymmatlyklarymyzy içgin öwrenmäge, dünýä ýaýmaga ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi barada gürrüň berdiler.

Medeniýet adamzat jemgyýetiniň uzak ýyllaryň dowamynda gazanan ösüşleriň we gymmatlyklaryň jemidigi, ol adamlaryň ýaşaýyş derejesini, bilimini, sungatyny, ylmyny,däp-dessurlaryny öz içine alýandygy hakynda çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda Medeniýet ulgamynyň gülläp ösmegi, halkyň ruhy dünýäsiniň galkynmasy we baý medeni mirasyny giňden öwrenmäge, dünýä ýaýmaga, geljekki nesillere ýetirmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Medeniýet sözünden döwür gülleýär
Milli medeniýetiň ösen zamany, arzuwlaryň hasyl boldy Pyragy
Sungatyň we döredijiligiň baýramy
Medeniýetiň, sungatyňmekanydyr bu Diýar
Jahanda kitap dek dost bolmaz
Kalplarda orun alan akyldar şahyr