Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasy bilen Bagtyýarlyk medeniýet öýüniň bilelikde gurnamagynda Gökderedäki “Ýaşlyk” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Magtymguly Pyragynyň ömri döredijiligi esasynda Kalplarda orun alan akyldar şahyr ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede Magtymguly Pyragynyň şygyrlary asyrlaryň dowamynda türkmen edebiýatynyň genji-hazynasy bolup, şahyryň öwüt-ündewe ýugrulan goşgulary ýaş nesillere bilim, terbiýe bermekde, umumyadamzat gymmatlyklaryny olaryň aňyna ornaşdyrmakda iňňän uly ähmiýete eýedigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda çagalaryň arasynda Magtymguly Pyragynyň goşgularyndan birnäçesini okap berdiler. Çäräniň ahyrynda ýaş nesilleriň hak howandary Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
