Watan biziň başymyzyň penasy, Watan nesilleriň ýürek senasy

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at myradyň mekany” ýylynda welaýat kitaphanasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher komiteti we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komiteti bilen bilelikde gurnamaklarynda “Watan biziň başymyzyň penasy, Watan nesilleriň ýürek senasy” atly brifing geçirildi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlyklarynda bu gün beýik taryhy döwre gadam basyp, gurup we döredip, innowasiýalary özleşdirip, ösüş ýoly bilen öňe barýar.

Gelejege nurana gapylary açýan şol ýollarda ýaşlara uly orun degişlidir.Watan mukaddesligine düşünip, şöhratly geçmişimize, häzirki günümize buýsanýan hem-de nurana geljegimize ynanýan ýaşlar ýurduň geljegidir.Bu barada Hormatly Prezidentimiz “ÝaşlarWatanyň daýanjy” atly ilkinji kitabynda aýratyn nygtap, ýurdumyzyň häzirki wagtda dürli ugurlarda alyp barýan işlerine ýokary baha berýär. Çärä gatnaşyjylar gyzykly we täsirli çykyşlar etdiler. Şeýle bagta ýetiren Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sag bolsun aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan her bir tutumly işleriniň rowaçly menzillere rowana bolmagyny arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Ösüşlere beslenýän, bedew batly Watanym
Ahalteke bedewi — halkymyzyň döredijilik kuwwatynyň nyşany
Sungat ussatlarymyzyň halkara üstünligi
Türkmen sungaty halkara derejesinde dabaralandy
Mirasa sarpa goýmakWatana söýginiň nyşanydyr
Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň, halkymyzyň ruhy baýlygynyň bähbidine