Mirasa sarpa goýmakWatana söýginiň nyşanydyr

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen “Bagt köşgi” toý-dabaralary merkeziniň bilelikde guramagynda Mirasa sarpa goýmakWatana söýginiň nyşanydyr ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda milli mirasymyz, medeni gymmatlyklarymyz, däp-dessurlarymyz ýokary derejede sarpalaýandygy, mährem zenanlarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň döredýän el işlerine uly hormat goýulýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de şöhratly taryhymyz, medeniýetimiz gadymy köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýandygy we millilik ýörelgelerimizde jemlenip, halkymyzyň maddy gymmatlyklarynyň, ruhy dünýäsiniň aýdyň şöhlelenýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda milli mirasymyzy öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Ahalteke bedewi — halkymyzyň döredijilik kuwwatynyň nyşany
Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy”, ”Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly eserlerinde milli gymmatlyklarymyz
Ýazyjy-şahyrlaryň eserlerinde watançylyk temasy
Şahyr Mämmet Seýidowyň ömri we döredijiligi hakynda söhbet
Parahatçylygyň ýaş çaparlary atly taslamasynyň V möwsümi tamamlandy
Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli dabara