Söz sungatynyň ussady

Özüniň dürdäne şygyrlary bilen halkyň arasynda uly şöhrat we meşhurlyk gazanan Gündogaryň beýik akyldary, umumadamzat ähmiýetli şahyr Magtymguly Pyragy çeper sözden müdimilik ýalkym saçýan ruhy dünýäni miras galdyrypdyr.

Häzirki döwürde bu gymmatlygyň ýalkymy dünýä halklarynyň kalbynda orun alyp, türkmeni dünýä tanadýar. Şonuň üçin üstünden asyrlar geçse-de, Magtymgulynyň bakylyk suwy berlen ýaly dürdäne goşgularyny halkymyz doga-tumar edip gursagynda göterýär.

Türkmen edebiýatynyň taryhynda Magtymguly adamzadyň kalbyna ýol açmagyň, çeper sözden duýgular çemenini döretmegiň özboluşly milli ýoluny kemala getirdi. Dana Magtymgulynyň şahyrana dünýäsi köp öwüşginlidir. Onuň gözbaşyny ata-babalarymyzyň döreden gymmatlyklaryndan alyp gaýdýan şahyrana dünýäsi örän giňdir. Şahyryň umman ýaly paýhasynyň, baý edebi mirasynyň agramly bölegini ynsanperwerlik, durmuşy meseleler, ahlaky we terbiýeçilik öwüt-ündewler tutýar.

Magtymguly hakyky watançy hökmünde ajap eýýam hakynda yzygiderli pikir ýöredipdir. Öz ýurduna, onuň gözel tebigatyna, baýlyklaryna guwanypdyr. Ol halkyň bir başa jem bolup, özbaşdak döwlet gurmagyny isläpdir hem-de goşgularyna arzuwlaryny siňdiripdir. Muny şahyryň:

Hydyr gezen çölde iller ýaýylsyn,

Ýurt binamyz gaýym bolsun, goýulsyn,

Çille mes nerlerimiz barça aýylsyn,

Bir suprada eda bolsun aşymyz.

***

Pyragy yşka ugraşdym,

Derýa girdim möwje düşdüm,

Hor galmasyn puştdan-puşdum,

Berkarar döwlet islärin

diýen bentleri hem tassyklaýar. Akyldaryň öňdengörüjilik bilen aýdan bu gözel arzuwlary öz zamanasynda amala aşmadyk bolsa-da, Garaşsyzlygymyzy almagymyz bilen hasyl boldy. Beýik akyldaryň belent arzuwlary ynsanperwerligiň öçmejek nury bolup, türkmen edebiýatyna, türkmen durmuşyna siňdi. Munuň şeýledigini türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly

Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän beýik ösüşler, özgerişler doly subut edýär.

Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy özüniň taryhy köklerini gadymy Gündogaryň we Günbataryň akyldarlarynyň paýhasyndan dörän ajaýyp eserlerinden alyp gaýdýar. Şahyryň döredijiliginde öz döwrüniň syýasy we ykdysady durmuşy, adamy gurşap alan tebigat hem-de jemgyýetiň ählumumy ösüş kanunlary çuňňur beýanyny tapýar.

Magtymgulynyň diwany Angliýa, Türkiýe, Eýran, Owganystan, Wengriýa ýaly ýurtlara, şeýle hem Sankt-Peterburg, Daşkent, Samarkant, Baku, Kazan, Ufa ýaly şäherlere hem ýaýrapdyr.Bu bolsa akyldaryň dünýä edebiýatynda uly ornunyň bardygyny ýene bir gezek tassyklaýar.

Akyldaryň döreden kämil mekdebini Seýitnazar Seýdi, Gurbandurdy Zelili, Mämmetweli Kemine, Mollanepes we beýleki şahyrlar has-da ösdürip, türkmen edebiýatynyň öçmejek parlak ýyldyzlaryna öwrüldiler. Olaryň eserleriniň hamyrmaýasy dana Magtymgulynyň çeper döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Bu däbi XX asyryň we Garaşsyzlyk ýyllarynyň türkmen edebiýatynyň zehinli ýazyjydyr şahyrlarynyň döredijiliginden hem tapmak bolýar.

Aşgabadyň günortasyndaky ajaýyp künjekleriň birinde, 41 gektar meýdanda gurulýan medeni-seýilgäh toplumynda, beýikligi 60 metre barabar bolan Magtymguly Pyragynyň bürünç heýkeli nesilleriň beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň döredijilik mirasyna sarpa goýýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyly Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly, Türkmenistanyň gadymy Änew şäherini bolsa 2024-nji ýylda Türki dünýäniň medeni paýtagty diýip yglan etmek hakynda türkmen tarapynyň öňe süren başlangyçlarynyň biragyzdan goldanylmagy hakyndaky hoş habar bagtyýar halkymyzyň buýsanjyny has-da artdyrdy, göwün guşuny ganatlandyrdy.

Bu buýsançly waka bäş müň ýyllyk şanly taryhy bolan, dünýäde ençeme döwletleri guran halkymyzyň dünýä medeniýetine uly goşant goşandygynyň nobatdaky ykrarnamasyna öwrüldi.

Magtymguly öz ajaýyp şygyrlary arkaly ynsanperwer bolmagy, ata Watany söýmegi, adam mertebesini belende götermegi, ulyny sylamagy, kiçä hormat goýmagy ündeýär. Ol adamlaryň hemişe ýagşylyk etmegini, ejizlere hossar çykmagyny, il-günüň alkyşyny almagyny isläpdir. Şahyryň gyzyldan gymmatly edebi döredijiligi her bir adam üçin edep-terbiýe mekdebidir. Munuň özi ýaş nesillerimizi edepli, giň dünýägaraýyşly edip ýetişdirmekde uly gollanmadyr.

Beýik söz ussady, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň erkinlik, özbaşdaklyk, agzybirlik ýaly halkyň asylly ideýalaryny özünde jemleýän eserleri halkymyzyň ruhuny has-da belende göterýär.

Gahryman Arkadagymyz Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi atly kitabynda şeýle belleýär: Ruhy baýlyk ebedi ýaşaýar. Magtymguly akyldaryň mirasy hem şeýle baýlykdyr. Halkymyzyň hakydasynda ýaşaýan, zandyna ornan mirasdyr.

Bu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, Magtymguly Pyragy öwüt-ündewe ýugrulan öz ajaýyp döredijiligi bilen ölmez-ýitmez ruhy baýlygy miras goýdy.Bu ruhy baýlyk beýik pikiri özünde jemleýän gymmatlykdyr. Şonuň üçin hem bu ruhy baýlyk halkyň diliniň senasyna öwrülýär.

Biz muňa aýdyma öwrülen goşgulardan, nakyla öwrülen setirlerden has-da aýdyň göz ýetirýäris. Şonuň üçin hem şahyryň galamyndan çykan, türkmeniň ykbalyna bagyşlanan çuňňur many-mazmunly şygyrlary adamzat ýaşaýşynyň ruhy çeşmesine öwrüldi.

Türkmen diliniň sözlük goruny ussatlyk bilen ýerlikli ulanan akyldar şahyryň terbiýeçilige, ynsanperwerlige, ruhy gymmatlyklara ýugrulan goşgularyny dünýäniň ençeme döwletleriniň okyjylary öz dillerinde okaýarlar.Munuň özi milli edebiýatymyzyň ajaýyplyklaryny dünýä ýaýmak bilen bir hatarda şahyryň belent waspyny ýetirmek bolup durýar.

2014-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy dabaraly bellenip geçildi. Ýurdumyzda we daşary döwletlerde şahyryň ömri we döredijilik ýoluna bagyşlanyp köp çäreleriň geçirilmegi, eserleriniň dünýä halklarynyň ençemesiniň dillerine terjime edilmegi diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýä medeniýetiniň buýsanjy bolan beýik söz ussadymyzyň mirasyna gyzyklanmany artdyrdy.

Mundan başga-da, şahyryň dogduk mekanynda, onuň adyny buýsanç bilen göterýän etrapda Magtymguly Pyragynyň ýadygärlikler toplumynyň hem-de muzeýiň açylandygyny guwanç bilen bellemelidiris.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlara şahyryň döredijiligini öwretmek boýunça uly işler alnyp barylýar.Bu, esasan hem, ýaşlary terbiýelemek, olara milli ruhda bilim bermek üçin örän ähmiýetlidir.

Beýik söz ussadynyň döredijiliginde, onuň gyzyldan gymmatly baý edebi mirasynda terbiýeçilik meselesi esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şonuň üçin hem ýaşlara şeýle goşgular yzygiderli öwredilýär we olaryň kalbynda watansöýüjilik, ynsanperwerlik ýaly iň oňat häsiýetler terbiýelenýär.

Türkmen halkynyň akyldar şahyry dil biliminden, pelsepeden, tebigy ylymlardan oňat baş çykarypdyr. Şahyryň döredijiligi ylmyň dürli ugurlaryna aralaşyp gidýär.

Beýik şahsyýetleriň öňe süren ýörelgeleri, pähim-paýhaslary häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda halkymyzyň agzybirligini berkitmäge, adamyň ruhy taýdan galkynmagyna hyzmat edip gelýär. Şu hem halkymyzyň medeni mirasynyň häzirki ýaş nesiller üçin ähmiýetini kesgitleýär. Şeýle bitewülik bolsa ösýän, özgerýän ýurdumyz üçin wajypdyr.

Sözümizi jemläp aýtsak, Magtymguly Pyragynyň döredijiligi türkmeniň ruhy binýadynyň sarsmazlygyny kepillendirýän gudratdyr. Hut şeýle ruhy binýadyň gudraty bilen hem halkymyz Hydyr gören mähriban topragyny gözüniň görejine deňeýär. Häzirki döwürde eşretli zamananyň hözirini görüp ýaşaýan halkymyzyň Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyşlary çäksizdir.

Ýurdumyzda we bütin dünýäde beýik söz ussadynyň hormat-sarpasyny has-da beýgeltmek ugrunda uly işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun.

Akmyrat Rejepgulyýew,

Ýolöten etrabyndaky 44-nji orta mekdebiň mugallymy, ylym-bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy.

Ýene degişli makalalar

Maý aýynda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň açylyşy meýilleşdirilýär
Ankarada geçirilen medeni-köpçülik çäreleri
Ankarada Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çärelere badalga berildi
Türkmenistanda welaýatlar boýunça teklip edilýän dolandyryş-çäk özgertmeleri
Türki akademiýasynyň wekiliýeti mart aýynda Türkmenistana geler
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi