Sözi manysy bilen öwreneliň!

Towşana dogduk depe

Her bir göçme manyly jümläniň aňyrsynda durmuş hakykaty ýatýar. Bu nakylda hem edil şonuň ýaly janly tebigatdan mysal alnan.

Haýwanat dünýäsinden belli bolşy ýaly, towşanlar hiç göç etmeýän oturymly jandar.Bu jandar haýsy toprakda, haýsy şertlerde doglan bolsa, öz ömrüni şol ýerde hem ötürýär. Ýaşulularyň gürrüň bermegine görä: Gezim edip ýören wagtyň towşan hinine, ol ýerde-de bir towşana duşsaň, gidip arkaýyn ýarag alyp gelip bilersiň.

Bu janawar öljegini bilse-de, dogduk depesinden daş gitmez.Türkmen halky towşanyň bu häsiýetinden ugur alyp, ýaş nesilde watançylyk ruhuny terbiýeleýär.

Watan we onuň mukaddesligi baradaky düşünjeler edebi eserleriň aglabasynda duş gelýär. Dogrudan hem, ynsan üçin onuň öz dogduk mekanyndan eziz ýurt bolmasa gerek. Bu barada türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyragy şeýle belleýär:

Eşit, adam, dogan ilden

Gaýry mähriban ýurt bolmaz.

The post Sözi manysy bilen öwreneliň! appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Öý haýwanlary
Täsin, ýöne dogry
Aşgabatda çagalar üçin mugt sahna eserleri görkeziler
Türkmenistanly hususyýetçiler doňdurmanyň önümçiligini artdyrýarlar
Polina Gurýewa: Agyr atletikaçy ýigitlerimize-de üstünlik arzuw edýärin
"Ýeke özi öýde" filmi täzeden surata düşürildi