Türkmenistanly hususyýetçiler doňdurmanyň önümçiligini artdyrýarlar

Türkmenistanly hususyýetçiler doňdurmanyň önümçiligini artdyrýarlar

Tomsuň jöwzaly günleri çagalykdan halanylýan ýürek sowadyjy doňdurma isleg artýar. Türkmen telekeçileri bu sowuk süýji tagamyň ençeme görnüşini teklip edýärler. Olar ýurdumyzyň içerki bazarynyň talaplaryny doly kanagatlandyrýarlar hem-de daşary ýurtlara-da önüm iberýärler. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr habar berýär.

Bakjam söwda kärhanasy Türkmenistanda iri doňdurma öndürijileriň biridir, onuň önümleri söwda nokatlarynda on ýyldan gowrak wagt mundan ozal peýda boldy. Bakjam söwda belgili Ýüpek ýoly, Dostluk, Ertekiler dünýäsi, Alaja, Jadyly, Sowgat, Magma, Fakel, Miwe lezzeti, Maşgala, Bereket, Balam, Sähra we Karnet ýaly doňdurmalara uly isleg bildirilýär. Kärhanada ýerli arassa çig maldan ýewropaly öndürijileriň ýokary tehnologýaly enjamlarynda datly tagam öndürilýär.

Täze aý kompaniýasy-da doňdurmanyň 40-a goalý görnüşini çykarýar.Onuň ýokary hilli önümlerine diňe bir türkmenistanlylar däl, eýsem Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşaýjylary-da ýokary baha berdiler.Indi birnäçe ýyl bäri kompaniýa HHR-a iberýän doňdurmasynyň möçberini barha artdyrýar. 2020-nji ýyllda Hytaýyň demirgazyk-gündogar sebitine (Ninbo we Wençžou şäherlerine) ýüzlerçe tonna doňdurma ugradyldy. Şu ýyl ony yzygiderli eksport etmek göz öňünde tutulýar.

Doňdurma öndürmekde uly tejribe toplan Paýhas hususy kärhanasy 26 görnüşli sowuk tagam öndürmek üçin golaýyndaky fermer hojalyklaryndan täze çig mal satyn alýar. Alyjylar Ýedigen, Aýly agşam, Paýhas, Plombir we beýleki şokolad örtükli banan, karamel we pisse tagamly doňdurmalary gowy görýärler.

Erteki söwda belgili doňdurmalaryň hem dürli görnüşleri alyjylaryň arasynda meşhurlyk gazandy. Ulular Kapriz, Olimp ýa-da Plombir ýaly doňdurmalary halasa, çagalar üçin olaryň Towşanjyk we Telpejik görnüşleri çykarylýar.

Salkyn hususy kärhanasynyň Garagum, Köpetdag, Almaz, Kornet, Merw, Körpe, Mermer, Altyn atly doňdurmalary diňe bir olaryň öndürilýän sebiti Maryda däl, eýsem paýtagtda hem islegli önümlerdir. Miwe, şokolad, hoz, süýt we gaýmak tagamly dürli görnüşli doňdurmalaryň giň görnüşi alyjylara hödürlenýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Galkynyş gaz käniniň dördünji tapgyrynda işleriň başlanmagy türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň gülläp ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr
Paýtagtymyzda syýahatçylyk pudagyna bagyşlanan halkara forum geçirilýär
Dikeldişi üpjün etmäge çagyrýar
G7-ä agza ýurtlaryň liderleri Uelsde duşuşyk geçirmäge taýarlanýarlar
Jo Baýden ilkinji daşary ýurt saparynda Putine duýduryş berdi