“Soledar we Bahmut Şäherlerini Rus Goşunlaryndan Goramak Üçin Söweşýäris”

“Soledar we Bahmut Şäherlerini Rus Goşunlaryndan Goramak Üçin Söweşýäris”

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, ýurdunyň Donesk sebitinde güýçli çaknyşyklaryň dowam edýän ýeri bolan Soledar we Bahmut şäherlerini rus goşunlaryndan goramak üçin söweşýändiklerini nygtady.

Zelenskiý, Telegramdan beren wideo ýüzlenmesinde, 24-nji fewralda başlan Russiýa-Ukraina söweşiniň dowam edýändigini ýatlatdy.

Ukrainada iki goşunyň arasynda güýçli çaknyşyklaryň bolýandygyny, Donesk we Lugansk sebitindäki şäherleri goramak üçin söweşýändiklerini aýdan Zelenskiý, “Doneskde Bahmut we Soledar şäherleri üçin Luhanskda bolsa Kreminna şäheri üçin, ýurdumyzyň gündogaryndaky beýleki etraplar we obalar üçin göreşýäris. Duşman uly harby toparlaryny şol front liniýasyna ugradan bolsada, esgerlerimiz, Ukrainanyň ýaragly güýçleri bary güýji bilen döwleti goraýar” diýdi.

Beýleki tarapdan, Ýewropaly liderler bilen telefon arkaly geçirýän söhbetdeşliklerini dowam etdirýändigini aýdan Zelenskiý, Ukraina berilýän ýarag kömeginiň artdyrylmagy üçin uly tagalla edýändigini belledi.

Ýene degişli makalalar

Russiýa Kiýewiň etraplaryna dron hüjümini gurady
Ýermak: “Zelenskiýiň liderligi döwründe Ukraina territoriýasyndan ýüz öwürmez”
Rus Goşuny Ukrainadaky Pozisiýalaryny Güýçlendirýär
Rus Goşuny Annowka Etrabyny Ele Geçirdi
Kursk Söweşi
Russiýa- Ukraina Hüjümleri
“Kramatorskda 600-den Gowrak Esgeriň Ýogalandygy Hakyndaky Habarlar Asylsyz”