“Çelsi” ukrainaly ýyldyzy düzümine goşdy, klubuň iň gymmat 2-nji transferi

Angliýanyň “Çelsi” kluby transfer üstüne transfer edýär.Londonlylar “Arsenal” klubunyň hem nazarynda bolan ukrainaly futbolçy Mihailo Mudryk bilen düzümini güýçlendirdi. “Çelsi” topary bu transfer üçin “Şahtýor Donesk” toparyna 62+27 million funt sterling berer. 22 ýaşyndaky winger “çelsililer” bilen futbolda juda seýrek duş gelýän möhlet bolan 8,5 ýyllyk şertnama baglaşdy.

Mudryk “Çelsiniň” şu gyşky transfer möwsümindäki 5-nji transfer bolup, ol Griliş, Lukaku we Pogbadan soň “Premier Liganyň” iň gymmat 4-nji futbolçysy hökmünde hasaba alyndy. “Çelsiniň” 2-nji iň gymmat transferi bolan Mudryk täze klubunda 15-nji belgili köýnekçäni geýer.

Mudryk “Şahtýorda” şu möwsümde 12 oýunda 7 gol geçirdi.Ol Çempionlar Ligasynda-da 3 gezek tapawutlanypdy.Mudryk “Çelsiden” ýyllyk 7,5 million ýewro hak alar. Şeýle-de, Mudryk “Çelsiniň” täze eýeleriniň düzümine goşan 13-nji futbolçysy boldy. “Çelsi” topary şu gyşda ýene-de 2 oýunçyny transfer etmegi göz öňünde tutýar.

Ýene degişli makalalar

Bu gün APL başlanýar. Çempion kim bolar?!
“Mançester Ýunaýted” 100 million ýewrolyk täze transferi bilen şertnama baglaşdy
Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
20 ÝYLDAN SOŇ, 2-NJI GEZEK ÇEMPION
120-nji möwsüme badalga berler
PSŽ hem-de “real madrid” çärýek finalyň bosagasynda