Somalide sil apaty başdan geçirildi

Somalide sil apaty başdan geçirildi

Somaliniň Apat dolanşygy agentliginiň başlygy Mohamud Moallin Abdulle metbugata beren beýanatynda, aşa ýagan ýagyşlaryň we sil apatlarynyň 1,5 million adama ýaramaz täsir ýetirendigini, 5 müňden gowrak öýüň ýumrulandygyny habar berdi.

Abdulle tebigy apat sebäpli 53 adamyň ýogalandygyny mälim etdi.

Somalidäki tebigy apat ýurduň Hiraan, Bakol, Baý we Gedo sebitleirnde täsirli boldy.

Sil apatlary mallara we ekerançylyk meýdanlaryna-da täsir ýetirdi.

Soňky ýyllaryň iň uly gurakçylygyny başyndan geçirýän Somali we Keniýa, howanyň çalşygynyň iň köp täsir ýetiren ýurtlaryň arasynda durýar.

Keniýa aşa ýagjak ýagyşlar sebäpli raýatlaryna duýduryş beripdi. Sil apatlaryndan soň Somaliniň käbir sebitlerinde adatdan daşary ýagdaý yglan edilipdi.

Ýene degişli makalalar

Keniýada Sil Apaty Sebäpli Ýogalanlaryň Sany 70 Adama Ýetdi
Aş Şebaba Agza 70 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Polis 'yrsgaly' para çözgüdine uýýan ýaşlary köpeldýär
Keniýada we Somalide güýçli çabgalardan 30 adam pida boldy
Russiýa: "Galla ylalaşygyny dowam etdirmäge hiç hili sebäp ýok" diýdi
Somalide guralan bombaly hüjümde ýogalan adamlaryň sany artdy