Keniýada we Somalide güýçli çabgalardan 30 adam pida boldy

Keniýada we Somalide güýçli çabgalardan 30 adam pida boldy

Keniýada we Somalide ýagan güýçli ýagyşlardan soňra dörän sil joşmalary sebäpli azyndan 30 adam heläk boldy. On müňlerçe adam öýüni terk etmäge mejbur boldy diýip, Associated Press habarlar gullugyna salgylanýan Belta.by belarus saýty ýazýar.

Somalide adatdan daşary ýagdaý yglan edildi, tebigy betbagtçylyklar netijesinde öýler, ýollar we köprüler harap boldy.

Keniýada Gyzyl Haç güýçli ýagyşlardan pida bolanlaryň sanynyň 15-e ýetendigini habar berdi. Esasan hem ýurduň Mombasa port şäheri ejir çekdi. Sil suwlary oba hojalyk ýerleriniň 100 gektara golaýyny ýok etdi, 1067 sany öý haýwany heläk boldy.

Ýene degişli makalalar

Somalide 1,7 million adam silden ejir çekdi
BSGG dünýäde mergi keseliniň ýaýramak howpunyň ýokarydygyny habar berdi
Russiýa haýyr-sahawat kömegi hökmünde Afrika 25 müň tonna bugdaý iberdi
Keniýada Sil Apaty Sebäpli Ýogalanlaryň Sany 70 Adama Ýetdi
Somalide sil apaty başdan geçirildi
Russiýa: "Galla ylalaşygyny dowam etdirmäge hiç hili sebäp ýok" diýdi