“Sony” “Honda” bilen elektroulag öndürer

Tehnologiýa önümlerini öndürmegi bilen meşhurlyk gazanan Ýaponiýanyň “Sony” kompaniýasy awtoulag senagatynda iş alyp barýan “Honda” ilen bilelikde elektroulag öndürer.Iki ýyl ozal “VISION-S” atly ilkinji nusgalyk ulagyny köpçülige görkezen “Sony” awtoulag senagatyna aralaşýar.

Iki kompaniýa “Sony Honda Mobility” atly bilelikdäki şereketi esaslandyrdylar.Täze şereket ilkinji elektroulagyny 2026-njy ýylyň başynda satuwa çykarar.Ilkinji nobatda, Demirgazyk Amerika bazaryna ýetiriljek ulag soňra ýapon müşderilere ýetiriler.

Täze şereket “Honda” awtoulag senagatyndaky tejribesini “Sony”-nyň tehnologiýadaky tejribesi bilen birleşdirer. Önümçilik ABŞ-daky zawodlarda amala aşyrylar.Täze ulag 2027-nji ýyldan başlap, dünýä bazaryna iberiler.

“Sony” ilkinji nusgalyk ulagyny “Nvidia”, “Continental”, “Bosch”, “Qualcomm” ýaly tehnologiýa we ätiýaçlyk şaýlaryny öndürýän kompaniýalar bilen hyzmatdaşlykda öndüripdi. “Sony” awtomatlaşdyrylan tehnologiýa bilen üpjün edilen bu ulagyny önümçiligini ýola goýmagy üçin beýleki kompaniýalara satmak maksady bilen işläp taýýarlapdy.

Islam Şagulyýew, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutunyň talyby

Ýene degişli makalalar

“Sony” we “Honda” kompaniýalary bilelikdäki awtoulagyny tanyşdyrar
Aşgabatda meşhur BTS toparynyň wideokonserti geçiriler
Diýarymda joşýar şirin owazlar
Sony ýene on ýyldan dünýäniň nähili özgerjekdigini görkezdi
Sony, Universal we Warner emeli aň ulgamyndaky startaplaryň üstünden kazyýete arz etdi
Gün şöhlesiniň ýiti täsirinden goranyň!