“Sony” we “Honda” kompaniýalary bilelikdäki awtoulagyny tanyşdyrar

Iki ýapon kompaniýasynyň bilelikdäki “Sony Honda Mobility” (SHM) şereketi geljek aý Las-Wegasda geçiriljek Elektron enjamlarynyň sergisinde (CES 2023) awtoulag tanyşdyrar. Ulagyň içinde “PlayStation 5” oýun konsolynyň hem oturdyljakdygy mälim edilýär. Awtoulagyň önümçiligine 2026-njy ýylda başlanmagyna garaşylýar. Ýokary tehnologiýa bilen üpjün ediljek ulag ilki ABŞ-da soňra Ýaponiýada we Ýewropa ýurtlarynda müşderilere ýetiriler.

“Sony Honda Mobility” 2025-nji ýyldan başlap, ilkinji ýarymyndan başlap, sargyt kabul edip başlar. Ulagyň ösen awtomatlaşdyrylan ulgam bilen üpjün ediljekdigi mälim edildi. “Sony Honda Mobility” şu ýylyň sentýabrynda deň derejeli paý bilen guruldy.

Yslamberdi Tyllanurow, Türkmenistanyň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutunyň uly mugallymy

Ýene degişli makalalar

Sony elektromobilleri işläp taýýarlamak boýunça bölümçesini döreder
Doly özi dolandyrylýan traktor bilen tanyşdyryldy
Fuat Oktaý TOGG-yň Ýerine ýetirijiler geňeşiniň başlygy Gürjan Karakaşy gutlady
Aýdymçy Adel konsertiniň yza süýşürilendigi üçin muşdaklaryndan ötünç sorady
Nurmagomedow: Mahaçew Oliweýra — Getji tutluşygynyň ýeňijisi bilen duşuşar
Taýson Fýuri Dillian Uaýt bilen söweşden soň karýerasyny tamamlar