Taýson Fýuri Dillian Uaýt bilen söweşden soň karýerasyny tamamlar

Taýson Fýuri Dillian Uaýt bilen söweşden soň karýerasyny tamamlar

Agyr agramda WBC-niň wersiýasyna görä dünýä çempiony Taýson Fýuri 23-nji aprele meýilleşdirilen Dillian Uaýta garşy söweşden soň karýerasyny tamamlajakdygyny mälim etdi. Bu barada mma.metaratings.ru habar berýär.

Uaýt soňky gezek 2021-nji ýylyň martynda russiýaly Aleksandr Powetkine garşy söweşdi. Bu söweşde britaniýaly söweşiji dördünji raundda tehniki nokaut bilen ýeňiş gazandy. 2020-nji ýylyň awgustynda bu boksçylaryň arasynda bolan birinji söweşde Dillian bäşinji raundda nokaut bilen ýeňildi. Onuň hasabynda 28 ýeňiş (18-si nokaut bilen) we iki ýeňliş bar.

Fýuri soňky gezek ringe geçen ýylyň oktýabr aýynda Las-Wegasda amerikaly Deonteý Uaýldere garşy çykdy. 11-nji raundda saklanan bu söweşde britaniýaly türgen nokaut bilen ýeňiş gazandy.

2018-nji ýylyň dekabr aýynda bu boksçylaryň arasynda geçirilen ilkinji söweş emin agzalarynyň karary bilen deňme-deň tamamlandy. Şondan soň Taýson bilen Deonteý 2020-nji ýylyň fewralynda duşuşdylar. Bu söweş ýedinji raundda tehniki nokaut bilen britaniýaly türgeniň peýdasyna tamamlandy. Fýuriniň hasabynda 31 ýeňiş (22-si nokaut bilen) we bir deňme-deňlik bar.

Ýene degişli makalalar

Sportuň taryhynda şu gün 1-nji dekabr
“The Ring” žurnaly 2020-nji ýylyň iň gowy boksçylaryny belli etdi
Iki ägirt iki gezek özara duşuşarlar
Fýuri — Joşua tutluşygy 14-nji awgusta meýilleşdirilýär
Fýuri bilen Uaýlder üçünji söweş barada ylalaşdylar
Taryhy duşuşygyň wagty mälim edildi