Şotlandiýanyň birinji ministri Hamza Ýusuf iş başyndan gitmekçi

Şotlandiýanyň birinji ministri Hamza Ýusuf iş başyndan gitmekçi

Şotlandiýanyň Birinji ministri, ýurduň Milli partiýasynyň lideri Hamza Ýusuf iş başyndan gidýändigini yglan etdi. Ol täze oruntutary saýlanýança wezipesini dowam eder diýip, Sky News habarlar gullugyna salgylanýan MIR 24 ýazýar.

Ýusufyň baştutanlyk edýän partiýasy öň ýerli Parlamentde Şotlandiýanyň Ýaşyllar partiýasy bilen koalision ylalaşyk ýatyrylandan soňra ýerleriň köpüsini elden giderdi. Ýusuf ady tutulýan partiýa bilen ylalaşygyň bozulýandygyny yglan edende, garşylykçy partiýalaryň birnäçesi oňa ynam bildirmezlik wotumyny öňe sürmekçidiklerini yglan edipdiler.

Ylalaşygyň ýatyrylmagyna 2030-njy ýyla çenli kömürturşy gazynyň howa taşlanýan zyňyndylaryny 75 göterim azaltmak babatda jedeller sebäp boldy. Ýagny bu taslama Şotlandiýanyň Milli partiýasy garşy çykdy.

Habarda Ýusufyň Şotlandiýa ýolbaşçylyk eden ilkinji musulmandygy bellenýär.

Ýene degişli makalalar

Ýufus Jan Zeýbek Altyn Kemeriň Eýesi Boldy
Türkiyäniň Prezidenti Bütindünýä howa Sammitine gatnaşýar
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: birinji günüň netijeleri
Türkmenistan bilen Pakistanyň parlamentara hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
“Ewakuasiýa Işlerimiz Raýatlarymyz Ýurda Getirilýänçä Dowam Eder”
Arslan Aýnazarow Merkezi Aziýanyň futbol Assosiasiýasynyň wise-prezidentiligine saýlanyldy