Soýuzmultfilm ýylyň ahyryna çenli Dur bakaly! multfilminiň täze bölümini çykarar

Soýuzmultfilm ýylyň ahyryna çenli Dur bakaly! multfilminiň täze bölümini çykarar

"Soýuzmultfilm" film studiýasy "Dur bakaly!" multfilminiň täze bölümini döreder. “Dur bakaly! Dynç alyş” diýlip atlandyryljak bu bölüm 2021-nji ýylyň ahyrynda çykar diýip, 360tv.ru habar berýär.

Meşhur multfilmiň täze bölüminiň çykaryljakdygy baradaky habary ilkinji bolup, film studiýasynyň baş prodýuseri Ýuliýa Osetinskaýa mälim etdi. “Dur bakaly! Dynç alyş" multfilminiň premýerasy şu ýylyň ahyrynda bolar" diýip, TASS Osetinskaýanyň sözlerini getirýär.

Multfilmiň täze bölüminde begemotlaryň maşgalasy, ajaýyp Jeren, sportçy torsuk Tim, Kirpi, Çaga pişik, Doňuzjyk we başgalar ýaly täze gahrymanlaryň peýda bolmagyna garaşylýar. Şol bir wagtyň özünde baş gahrymanlar öňküligine galar: Möjege - Garik Harlamow, Towşana bolsa Dmitriý Hrustalýow ses berer.

Meşhur Sowet multfilminiň täze goýberilişleriniň üstünde işlemeklige 2020-nji ýylda başlandy. "Dur bakaly!" multfilmini täzeden goýbermegi "Soyuzmultfilm" isleg bildirdi. Birinji möwsümde ol 52 bölümi öz içine alar diýlip garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Toni ROBBINS, Özüňe erk etmegiň gudraty (14-nji bölüm)
Kim, haçan oýlap tapdy?
Berdimuhamedow türki ýurtlaryň garaýyşlarynyň dünýädäki syýasy ýagdaýlara täsir etmelidigini aýdýar
JONY-nyň Aşgabatdaky konsertine 10 müň tomaşaçy gatnaşdy, Türkmenistanyň 2022-nji ýyldaky iň gowy muzeýleri yglan edildi, Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerine 2023-2024-nji okuw ýyly üçin Türkmenistandan arzalar kabul edilip başlandy
Dokuz ýyllyk türmä höküm edilen lukman Hursanaý Ismatullaýewa boşadyldy
Dokuz ýyllyk türmä höküm edilen lukman Hursanaý Ismatullaýewa boşadyldy