SpaceX 50 sany hemrany orbita uçurdy

SpaceX 50 sany hemrany orbita uçurdy

SpaceX özüniň Starlink tory we 2 sany BlackSky mikroshemasy üçin 48 sany kiçi hemrany orbita üstünlikli çykardy. Bu SpaceX-iň web sahypasynda alnyp görkezildi diýip, TASS habar berdi.

Kanaweral burnundaky (Florida) kosmos portundan Falcon 9 göteriji raketasynyň uçurylyşy ABŞ-nyň Gündogar kenarkaýa wagty bilen 18:12-de (3-nji dekabrda Aşgabat wagty 04:12) amala aşyryldy. Bir sagatdan soň gysga aralyk bilen iki sany BlackSky emeli hemrasy orbita uçuryldy, ýarym sagat soň bolsa Starlink hemralary onuň yzyna eýerdiler.

Uçurylandan, takmynan, dokuz minut soň, uçuş ulagynyň birinji basgançagy awtomatiki usulda Atlantik ummanyndaky ýüzýän platforma gondy. Falcon 9-yň bu elementi ozal hem birnäçe hemrany uçurmakda ulanylypdy.

Belläp geçsek, Starlink tory agramy 260 kg bolan köp sanly enjamyň ýerleşdirilmegi arkaly internete girmegi üpjün etmek üçin döredildi.SpaceX jemi 11 müň hemrany uçurmak we işe girizmek üçin 10 milliard dollar sarp ediler diýip çaklaýar.

Kompaniýa 5G standartyna laýyk gelýän sekuntda 1 gigabit tizlikli giň zolakly internedi üpjün edip biljekdigini kepillendirýär. Ýeri gelende bellesek, SpaceX 2019-njy ýylyň maý aýyndan bäri, takmynan, 1,9 müň Starlink hemrasyny orbita uçurdy.

Ýene degişli makalalar

Emeli hemralarynyň sany 5 müňe ýetdi
Emeli hemralarynyň sany 5 müňe ýetdi
SPACEX HKS-e halkara toparyny ýollady
“SpaceX” 15 sany täze “Starlink” internet hemrasyny orbita çykardy
Kosmosa çykan ilkinji arabystanly zenan
Türkiýäniň Ilkinji Astronawtynyň Emeli Hemra Ýolagçylygy Başlady