Spilberg ýylyň iň oňat režissýory diýlip yglan edildi

Spilberg ýylyň iň oňat režissýory diýlip yglan edildi

Amerikaly kinorežissýor Stiwen Spilberg Fabelmanlar atly terjimehal filmi üçin Iň oňat režissýorlyk işi üçin diýen ugur boýunça Altyn globus baýragyna mynasyp boldy. Ady tutulan baýragyň 80-nji gowşurylyşy Los-Anjelesde geçdi, ony göni ýaýlymda ýurduň NBC teleýaýlymy görkezdi.

Iň oňat režissýorlyk işi üçin diýen ugur boýunça baýraga Jeýms Kemeron (Awatar 2), Baz Lurman (Elwis), Deniel Şaýnert we Den Kwan (Ählisi hemme ýerde we birbada) hem-de Martin Makdonah (Inişeriniň Banşisi) dalaşgär görkezildi.

Iň oňat animasion ugry boýunça baýraga Gilýermo del Toronyň Pinokkiosy filmi mynasyp boldy.

Iň oňat aktýor diýlip, Elwis atly filmde rowaýaty aýdymçy Elwis Presliniň keşbini döreden Ostin Batler, iň oňat komediýa aktýory hökmünde Kolin Farrell Inişeriniň Banşisi filmindäki keşbi üçin mynasyp boldy.

Aktrisa Zendeýa Eýforiýa serialyndaky keşbi üçin özüniň ilkinji Altyn globus baýragyna mynasyp boldy.

Altyn globus 1944-nji ýyldan bäri Golliwudyň daşary ýurt metbugaty assosiasiýasy tarapyndan gowşurylýan kino baýragydyr. Ol Oskar kino baýragyndan soň ikinji orunda durýar. Bu barada News.ru ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Spilberg iň gowy režissýor, kinosy-da iň gowy film diýlip saýlandy
“Ýyldyzlar urşy” filmi üçin kosmos gämilerini oýlap tapyjy aradan çykdy
Täze kinolar
Meşhur aktwist barada täze film
Hamilton Şumaheriň rekordyny täzeledi
Hamiltonyň 85-nji ýeňşi