Sport sagdynlygyň, ruhubelentligiň we gözelligiň gözbaşy

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda “Sport sagdynlygyň, ruhubelentligiň we gözelligiň gözbaşy” atly döredijilik duşuşygy geçirildi.Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ilatyň saglygyny ähli zatdan ileri goýup, “Il saglygy ýurt baýlygy!” diýen şygara besleýän beýik işleri durmuşa geçirýär.

Bütindünýä welosiped güni sagdynlygyň, sportuň we dostlugyň baýramy 3-nji iýunda, asylly däbe görä, ýurdumyzda Bütindünýä welosiped güni bellenildi.Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, sport jebisleşdirji, ruhlandyryjy güýç bolmak bilen, ählumumy parahatçylygy, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga hyzmat edýär.

Arkadag şäherinde Bütindünýä welosiped güni mynasybetli her ýyl uly ruhubelentlik bilen köpçülikleýin welosipedli ýörişler we sport çäreleri guralýar.Duşuşygyň ahyrynda türkmen sportyny ösdürmekde, dünýä ýaýmakda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany
Çagalaryň hoş owazy durmuşyň bagt sazy
Bagtyýar döwrüň bagtly çagalary
Milli miras - bedew batly ösüşleriň binýady
Bagtyýar çagalar röwşen geljegimizdir
Bagtyýar çagalar köňülleriň buýsanjy