Sportuň taryhynda şu gün 11-nji iýul

Italiýanyň 3-nji, Ispaniýanyň 1-nji çempionlygy

1982-njy ýylyň 11-nji iýulynda Italiýanyň ýygyndysy 3-nji gezek Dünýäniň çempiony bolýar.Madriddäki finalda Rossi, Tardelli hem-de Altobelliniň gollary bilen Günbatar Germaniýany 3-1 ýeňýär. 2010-njy ýylda-da ilkinji gezek Afrika yklymynda guralan Dünýä Kubogynyň finalynda Ispaniýanyň ýygyndysy ýeňiş gazanýar.

Günorta Afrikada geçirilen çempionatyň finalynda Niderlandlary Andres Iniestanyň 116-njy minutdaky goly bilen 1-0 ýeňip, ilkinji gezek çempion bolýar.

Ilkinji Olimpiýa çempiony bolan zenan türgen

Şeýle-de mundan 120 ýyl ozal şu gün britaniýaly tennisçi Şarlotta Kuper Pariž Olimpiadasynda ýeňiş gazanýar we Olimpiýa oýunlarynda altyn medal gazanan ilkinji zenan türgen bolýar.

Şu gün Real Madridiň ýyldyzlaryndan meksikaly hüjümçi Hugo Sançes, ispaniýlay Ruben Baraha, fransiýaly Erik Abidal, ispaniýaly Raul Garsiýa hem-de argentinaly Lukas Okampos ýaly futbolçylar bilen bir hatarda, daniýaly tennisçi Karolina Wozniaskiniň doglan günleri.

11-nji iýul

1900 Britaniýaly Şarlotta Kuper Pariž Olimpiadasynda ýeňiji bolup, Olimpiýa oýunlarynda altyn medal gazanan ilkinji türgen bolýar.

1958 Meksikaly futbolçy Hugo Sançes dünýä inýär.

1966 Futbol boýunça Angliýada 8-nji Dünýä Kubogyna badalga berilýär.

1975 Ispaniýaly futbolçy Ruben Baraha dünýä inýär.

1979 Fransiýaly futbolçy Erik Abidal dünýä inýär.

1982 Ispaniýada geçirilen futbol boýunça 12-nji Dünýä Kubogynyň finalynda Italiýanyň ýygyndysy Günbatar Germaniýany 3-1 ýeňýär.

1986 Ispaniýaly futbolçy Raul Garsiýa dünýä inýär.

1990 Daniýaly tennisçi Karolina Wozniaski dünýä inýär.

1994 Argentinaly futbolçy Lukas Okampos dünýä inýär.

2010 Günorta Afrikada geçirilen 19-njy Dünýä Kubogynyň finalynda Ispaniýanyň ýygyndysy Niderlandlary goşmaça wagtda 1-0 hasabynda ýeňýär.

Ýene degişli makalalar

Super Kubogy “Atletik” eýeledi, Messi gyzyl kart aldy
Russiýada Gabriel Garsiýa Markesiň soňky romany neşir edildi
Wenesuelanyň 112 ýaşly ýaşaýjysy dünýäde iň garry erkek adam diýip ykrar edildi
“Barselonanyň” taryhynda ilkinji gezek
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
“Barselona”, Bilbaoda, “Real” Walensiýada büdredi