Super Kubogy “Atletik” eýeledi, Messi gyzyl kart aldy

Ispaniýanyň Super Kubogy duşuşygynda “Barselona” bilen “Atletik Bilbao” toparlary duşuşdy. Sewilýada “Olimpico de la Cartuja” stadionynda oýnalan duşuşyk çekeleşikli hem-da dartgynly ýagdaýda geçdi. Oýnuň 40-njy minutynda Antuan Grizmann katalonlary öňe saýlady. Ýöne bilbaolylaryň jogaby gijikmedi. 2 minutdan soň Oskar de Markos hasaby deňledi.

2-nji ýarymda, 57-nji minutynda Raul Garsiýanyň (“Atletik”) goly VAR-yň kömegi bilen ofsaýt sebäpli hasaba alynmady. Duşuşygyň 77-nji minutynda Antuan Grizmann “Barselonany” ýene bir ýola öňe saýlady. Emma bu gola-da basklar jogap bermegi başardy. Oýnuň 90-njy minutynda Asier Wilýalibre deňlik goluny katalonlaryň torundan girizdi.

“BARSELONADAKY” ILKINJI GYZYL KARTY

Goşmaça berlen 30 minutyň ilkinji pursatlarynda, has takygy, 93-nji minutda “Atletik Bilbao” Inaki Williamsyň goly bilen duşuşykda ilkinji gezek öňe saýlady.Bu gol bolsa olara kubogy asmana galdyrmak üçin ýeterlik boldy.

Duşuşygyň ahyrynda, 120+1-nji minutda Lionel Messi eden juda gödeksi hereketi üçin gyzyl kart alyp, meýdançadan çykaryldy.Bu onuň “Barselonadaky” ilkinji gyzyl karty boldy (753 oýunda).

Netijede, 3-2 hasabynda ýeňşini baýram eden “Atletik Bilbao” 1984-nji we 2015-nji ýyllardan soň 3-nji gezek Ispaniýanyň Super Kubogyny eýeledi.

“Atletik Bilbaonyň” tälimçisi Marselinio “Barselonany” yzly-yzyna iki finalda ýeňen ilkinji tälimçi boldy.

The post Super Kubogy “Atletik” eýeledi, Messi gyzyl kart aldy appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

“Barselonanyň” taryhy ýeňşi
“Barselonanyň” 31-nji, Messiniň 35-nji kubogy
“Barselona”, Bilbaoda, “Real” Walensiýada büdredi
Ispaniýaly tälimçileriň täze klublary
“La Ligada” “Žironanyň” liderligi dowam edýär
Sportuň taryhynda şu gün 11-nji iýul