15-nji iýul
Mundan 2 ýyl ozal, şu gün soňky Dünýä Kubogynyň çempiony belli bolýar.Russiýada geçirilen 21-nji Dünýä Kubogynyň finaly Moskwadaky Lužniki stadionynda oýnalýar.Fransiýa bilen Horwatiýanyň arasyndaky oýun çekeleşikli geçip, fransuzlar 4-2 hasabynda ýeňşini baýram edýär.
Bu olaryň 20 ýyldan soň gazanan 2-nji çempionlygydyr.Toparyň tälimçisi Didie Deşam hem futbolçy, hem-de tälimçi hökmünde kubogy asmana göteren 3-nji hünärmen bolýar.
Şeýle-de şu gün argentinaly meşhur hüjümçi, 1978-nji ýylda argentinleriň Dünýä çempionlygyny gazanmagynda uly rol oýnan Mario Kempeşiň, şeýle-de italiýaly hüjümçi Marko Di Waionyň, şweýsariýaly futbolçy Aleksander Freýiň hem-de braziliýaly goragçy Danilonyň, amerikaly basketbolçy Damian Lillardyň doglan günleri.
1954 Argentinaly meşhur futbolçy Mario Kempeş dünýä inýär.
1976 Italiýaly hüjümçi Marko Di Waio dünýä inýär.
1979 Şweýsariýaly Aleksander Frei dünýä inýär.
1990 Amerikaly basketbolçy Damian Lillard dünýä inýär.
1991 Braziliýaly futbolçy Danilo dünýä inýär.
2018 Filippinli boksçy Menni Pakiýao Kuala Lumpurda amerikaly Lukas Mattisseni 7-nji raundda ýeňip, karýerasyndaky 60-njy ýeňşini gazanýar.
2018 Russiýada geçirilen 18-nji Dünýä Kubogynyň finalynda Fransiýanyň ýygyndysy Horwatiýany 4-2 hasabynda ýeňip, 2-nji çempionlygyny gazanýar.
