Sportuň taryhynda şu gün 19-njy noýabr

1934 Russiýaly meşhur futbolçy hem-de tälimçi Walentin Iwanow dünýä inýär.

1969 Türkiýelu futbolçy hem-de tälimçi Ertugrul Saglam dünýä inýär.

1969 Braziliýaly Pele “Marakana” stadionynda Wasko da Gama bilen bolan duşuşykda ähli ýaryşlary hasaba alanyňda karýerasyndaky 1000-nji goluny geçirýär.

1993 Ispaniýaly futbolçy Suso dünýä inýär.

1999 Russiýaly figuralaýyn typyjy Ýewgeniýa Medwedewa dünýä inýär.

2017 Çehiýaly meşhur tennisçi Ýana Nowotna 49 ýaşynda düwnük keselden aradan çykýar.

2019 LeBron Jeýms topary “LA Leýkersiň” “Oklahoma Siti Tanderi” 112:107 hasap bilen ýeňen duşuşygynda 25 utuk, 11 ribaund, 10 ýardam asistlik netije görkezýär. Ol NBA-da 30 toparyň garşysyna hem “triple-double” netijeler gazanan ilkinji basketbolçy bolýar.

The post Sportuň taryhynda şu gün 19-njy noýabr appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Los Anjeles Leýkers düzümine 2 ýyldyzy goşdy
30-njy topar
NBA ýyldyzlarynyň täze toparlary
Lebron Jeýms NBA-nyň taryhynda iň köp utuk gazanan oýunçy boldy
Dünýä Kubogyna 33 gün galdy
Sport täzelikleri