Sportuň taryhynda şu gün 5-nji iýul

Hüjümçileriň doglan güni

Şu gün brinäçe ady belli hüjümçiler dünýä inen güni.Olardan italiýaly Janfranko Zolanyň, argentinaly Hernan Kresponyň, portugaliýaly Nuno Gomeşiň, ýene-de italiýaly Alberto Jilardinonyň hem-de amerikaly zenan futbolçy Megan Rapinounyň doglan günleri. Şeýle-de şwesiýaly Markus Albak, braziliýaly Marsio Amorozo, bolgariýaly Stilian Petrowm çehiýaly Dawid Rozenhal hem-de fransiýaly zenan tennisi Ameli Morezma dagy hem dürli ýyllarda dünýä inýär.

Şweýsariýaly tennisçi ýyldyzlar

Wimbledon ýaryşynda 1997-nji ýylda Martina Hingis finalda çehiýaly Jana Nowotnany ýeňip, bäsleşigiň 110 ýyllyk taryhynda ýeňiji bolan iň ýaş tennisçi bolýar. 2009-njy ýylda-da Wimbledonyň finalynda şweýsar tennisçi Rojer Federer amerikaly Endi Roddigi ýeňip, 15-nji Uly tuwulgasyny eýeleýär we bu ugurda Pit Samprasyň rekordyny täzeleýär. 2015-nji ýylda-da Kanada geçirilen zenanlaryň arasyndaky Dünýä Kubogynyň finalynda ABŞ-nyň ýygyndysy Ýaponiýany 5-2 utdy.

5-nji iýul

1966 Italiýaly meşhur futbolçy hem-de tälimçi Janfranko Zola dünýä inýär.

1973 Şwesiýaly futbolçy hem-de tälimçi Markus Albak dünýä inýär.

1974 Braziliýaly hüjümçi Marsio Amorozo dünýä inýär.

1975 Argentinaly futbolçy, meşhur hüjümçi Hernan Krespo dünýä inýär.

1976 Portugaliýaly futbolçy, meşhur hüjümçi Nuno Gomeş dünýä inýär.

1979 Bolgariýaly futbolçy hem-de tälimçi Stilian Petrow dünýä inýär.

1979 Fransiýa tennisçi Ameli Morezma dünýä inýär.

1980 Çehiýaly futbolçy Dawid Rozenhal dünýä inýär.

1982 Italiýaly futbolçy, meşhur hüjümçi Alberto Jilardino dünýä inýär.

1985 Amerikaly futbolçy zenan Megan Rapinou dünýä inýär.

1997 “Wimbledon” tennis ýaryşynda zenanlaryň arasyndaky finalda şweýsariýaly Martina Hingis çehiýaly Ýana Nowotnadan 2:1 üstün çykyp, bäsleşigiň 110 ýyllyk taryhyndaky iň ýaş ýeňiji bolýar.

2009 “Wimbledon” tennis ýaryşynda erkekleriň arasyndaky finalda şweýsariýaly Rojer Federer amerikaly Endi Roddigi 3:2 hasabynda ýeňip, 15-nji gezek Uly tuwulga kubogyny eýeleýär we Pit Samprasyň rekordyny öz adyna geçirýär.

2015 Kanadada geçirilen futbol boýunça zenanlaryň arasyndaky Dünýä Kubogynyň finalynda ABŞ-nyň ýygyndysy Ýaponiýany 5:2 ýeňýär.

Ýene degişli makalalar

Repçi Lil Nas X-iň Montero klibi Ýylyň iň gowy aýdym-saz wideosy boldy
Britaniýaly dünýäde iň uzak ýaşly erkek kişi diýlip yglan edildi
Bageri Kenni ispan kärdeşi bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar we sebitdäki ösüşler barada gepleşik geçirdi
Dünýäniň iň gowy futbolçysy üçin “Altyn topa” 30 dalaşgäriň sanawy belli edildi
UEFA-da ýylyň futbolçylary baýragynyň dalaşgärleri mälim edildi
Çelsi UEFA-nyň Super kubogyna mynasyp boldy
Çelsi ikinji gezek UEFA-nyň Super kubogynyň eýesi boldy