Standart USB4 2.0 80 Gbit/s-e cenli geçiriş ukybyna eýe bolar

Standart USB4 2.0 80 Gbit/s-e cenli geçiriş ukybyna eýe bolar

USB Promoter Group-yň işläp taýýarlaýjylary USB4 standartynyň 2.0 wersiýasyna çenli täzelenjekdigini bildiriş etdiler. Onda USB Type-C boýunça maglumatlaryň geçiş tizliginiň 80 Gbit/s-e çenli ýokarlanmagyna garaşylýar. Bu birinji wersiýasynyň görkezijisinden we Thunderbolt 4-iň geçirijilik ukybynyň derejesinden iki esse ýokarydyr.

Şeýle hem USB Type-C-iň we USB Power Delivery-niň spesifikasiýasyny täzelemegi wada edýärler. Täze spesifikasiýalaryň güýzde, çen bilen noýabrda çap edilmegine garaşylýar.

Täze spesifikasiýa USB Type-C-iň 40 Gbit/s tizlikli eýýäm bar bolan passiw kabelleri bilen tersine ylalaşyjylygy goldar we 80 Gbit/s tizlikde täze aktiw kabeller bilen işläp biler. Şonda 20 Gbit/s-den gowrak tizlikli USB 3.2-niň goldawy, DisplayPort we Pcle-niň täzelenişi mälim edildi.

Onuň daşyndan, spesifikasiýa eýýäm könelişen USB 2.0-y we Thunderbolt 3-i hem goldar.Geljekde ulanyjylara bilelikdäki gurluşy we kabeli tapmaga mümkinçilik berjek markirowkany teklip etmek meýilleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Hytaý-ýapon hyzmatdaşlygy
EKRAN öndürmekde-de öňdebaryjy
Samsung we Sony ABŞ-dan Huawei ygtyýarnamasyny aldy
Iň gowy ekran iPhone 12 Pro Max
“Samsung Display” iki gezek eplenýän smartfon ekrany taýýarlaýar