
Türkiye Respublikasynyň Prezidentliginiň Adam resurslary ofisiniň goldaw bermeginde Stambul Tehniki Uniwersitediniň çäginde halkara Adam resurslaryny dolandyrmak bölüminiň magistr derejesine 2024-2025 okuw ýyly boýunça alynşyk başlady.
Stambul Tehniki Uniwersitediniň kök uran akademiki taryhy bilen ofisiň zehin dolandyryş babatyndaky öňdengörüjilikli çemeleşmesini özünde jemleýän, "Adam resurslaryny dolandyrmak magistr programmasy" işinde tapawutlanmak isleýän adamlar üçin örän gowy mümkinçilikler hödürleýär.
Dissertasiýaly we dissertasiýasyz bolmak bilen iki tapawutly görnüşde okap bolýan Adam resurslaryny dolandyrmak bölüminiň magistr programmasy bilen döwlet dolanşygynda, işewür dünýäsinde we akademiki durmuşda üstünlikli wezipeler ýerine ýetirip, geljegiň adam resurslaryny dolandyryjylarynyň ýetirişdirilmegi maksat edinilýär.
Stambulda bolan bu abraýly magistr programmasy, ähli ýurtlardan dalaşgärlere garaşýar.
Uniwersitetde Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlara we synçy ýurtlara, Balkan ýurtlaryna we Afrika ýurtlaryna aýratyn kwota aýrylyp goýuldy.
Mundan başgada Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş halklar ederasy ( ÝTB) halkara derejedäki dalaşgärlere dissertasiýaly magistr programmasy üçin "Türkiyäniň talyp haklary" programmasynyň çäginde talyp haky mümkinçiligini hödürleýär.
Adam resurslary ugrunda işlemek isleýän bakalawr derejesini gutaranlaryň ýüz tutup biljek programma türk dilinde bolup, ýüz tutmalar 5-29-njy awgust aralygynda amala aşyrylar.
Dalaşgärler aşakda görkezilen sahypalary gözden geçirip, Stambul Tehniki Uniwersitediniň ýüz tutma sahypasynda ýüz tutup bilerler.
Dissertasiýaly magistr programmasy:
https://www.tyyc.itu.edu.tr/ProgramHakkinda.php?Program=INK_IK_YL
Dissertasiýasyz magistr programmasy:
https://www.tyyc.itu.edu.tr/ProgramHakkinda.php?Program=HUR_HR_YL
Ýüz tutmak sahypasy:
https://www.sis.itu.edu.tr/duyuru_ekler/lisansustu/202510/lisanasustu-basvuru-tr.php
Goşmaça ýagdaýda halkara statusda bolan we dissertasiýaly magistr programmasyna ýüz tutan dalaşgärleri talyp haklary üçin ikyukseklisans@cbiko.gov.tr mailine poçta ugratmaklary zerur.
Türkiýäniň iň kökli uniwersitetlerinden biri bolan STU, 250 ýyllyk taryhy bilen güýçli akademiki mirasa eýedir.
Stambul Tehniki Uniwersitedi mundan başgada halkara derejede tanalýan gurama hökmünde 2024 QS Dünýä uniwersitetleriniň reýtinginde 95-nji orunda durýar.