Türkmenistanyň wekiliýetiniň Awstriýa bolan saparynyň çäginde üç sany halkara resminama gol çekildi

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Awstriýa bolan saparynyň çäginde üç sany halkara resminama gol çekildi

11-12-nji martda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Awstriýa iş sapary amala aşyryldy.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, saparyň çäklerinde Federal Prezidentiň ofisiniň, Ýewropa we daşary işler ministrliginiň, Zähmet we ykdysadyýet ministrliginiň, Awstriýanyň Federal ykdysady palatasynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşyklaryň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň anyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de, halkara guramalaryň çäklerinde, ilkinji nobatda, BMG we ÝHHG-de hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň wajyplygy bellenildi. Taraplar halkara düzümlere saýlawlar geçirilinde ozal bar bolan tejribä eýerip birek-biregiň agzalygyny goldamaga ygrarlylygyny beýan etdiler.

Bilim we talyplaryň alyş-çalyş edilmegi boýunça hyzmatdaşlyk hakynda türkmen wekiliýetiniň Graz Tehniki uniwersitetinde we Wenanyň diplomatik akademiýasynda geçiren duşuşyklarynyň dowamynda maslahatlaşyldy.

Saparyň maksatnamasyna Awstriýanyň 25 öňdebaryjy kompaniýalarynyň wekilçiliklerinden ybarat bolan işewürler düzüminiň agzalary bilen tegelek stol duşuşygy hem girizildi. Onuň barşynda awstriýanyň işewürleri Türkmenistanda maýa goýum üçin döredilen şertler we söwda işini alyp barmagyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy.

Awstriýanyň işewürleri bilelikdäki hyzmatdaşlygyň ähmiýetli ugurlary hökmünde energetika, ulag, oba-hojalygy, sanlylaşdyrmak, ýaşyl ykdysadyýet we beýleki ugurlary kesgitlediler.

Saparyň barşynda Wena şäherinde ýerleşýän halkara guramalaryň ýolbaşçylary, şol sanda, ÝHHG-niň Baş sekretary, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň ýerine ýetiriji direktory, UNIDO-nyň Baş direktory we AEHA-nyň Baş direktorynyň orunbasary bilen duşuşyklar geçirildi. Olaryň barşynda Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmeginiň, hyzmatdaşlygy berkitmegiň we olaryň täze ugurlaryny kesgitlemegiň meseleleriniň giň toplumyna seredilip geçildi.

Duşuşygyň jemleri boýunça 3 halkara resminamalara gol çekildi: — 2024-2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň we Awstriýanyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça maksatnama; — Türkmenistanyň hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat Ösüş Guramasynyň (UNIDO) arasynda esasy standart hyzmatdaşlyk ylalaşygy; — Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Graz Tehniki Uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama.

Ýene degişli makalalar

15-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal15-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanyň ilçisi Gruziýanyň Tehniki uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy
Türkiyäniň gury ýerdäki buzluklary Global ýylylyk sebäpli ýok bolmak howpunyň astynda
Daşoguz şäherindäki motor-abatlaýyş zawodynda iş gurallary öndürilýär
Türkmenistan bilen FAO suwy tygşytly peýdalanmak boýunça taslamany işe girizer
ARKADAG ŞÄHERINIŇ GÖROGLY ADYNDAKY DÖWLET ATÇYLYK SIRKI