Şu gün Özbegistanyň Prezidenti kasam kabul eder

14-nji iýulda, şu gün Özbegistanyň kanun çykaryjy palatasy bilen Senatyň bilelikdäki mejlisinde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýwewiň kasam kabul ediş dabarasy guralar.

Bu barada Oli Mejlisiniň palatalarynyň bilelikdäki beýanatynda aýdylýar.

Bu dabarada 9-njy iýulda geçirilen nobatdan daşary saýlawlarda gaýtadan prezidentlige saýlanan Şawkat Mirziýoýew Özbegistanyň halkyna wepaly boljakdygy barada kasam kabul eder.

Ýatlap geçsek, Şawkat Mirziýoyew bu saýlawlarda 87,05 göterim ses alyp, ynamly ýeňiş gazandy. Şeýle hem, Robahon Mahmudowa 4,43%, Ulugbek Inoýatow 4,02%, Abduşukur Hamzaýew – 3,74% sese eýe boldylar.

Ýene degişli makalalar

Özbegistanda Prezident Saýlawy Geçirlýär
Özbegistanda Prezident saýlawlary geçirilýär
Dalaşgär hökmünde bellige alyndy
Özbegistanda Prezident saýlawlary geçirildi
Türki dilli döwletlerde başdan geçirlen möhüm wakalar
Özbegistanyň Merkezi saýlaw topary: Mirziýoýew sesleriň 87,05 göterimi bilen Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanýar