Şu gün Real bilen Aýntraht UEFA-nyň Superkubogy ugrundaky oýunda duşuşar

Şu gün Real bilen Aýntraht UEFA-nyň Superkubogy ugrundaky oýunda duşuşar

Ispaniýanyň Realy bilen Germaniýanyň Maýn boýundaky Frankfurtynyň Aýntrahty çarşenbe güni UEFA-nyň Superkubogyny almak üçin duşuşarlar. Duşuşyk Helsinkidäki Olimpiýa stadionynda geçer we aşgabat wagty bilen 00:00-da başlanar.

Madridiň Realy Superkubok ugrundaky oýna Çempionlar ligasynyň ýeňijisi hökmünde gatnaşar. Turniriň final oýnunda ispan kluby 1:0 hasap bilen iňlisleriň Liwerpulyndan üstün çykdy. Aýntraht Ýewropa Ligasynyň ýeňijisi hökmünde çykyş eder. Aýgytlaýjy oýunda Germaniýanyň kluby Şotlandiýanyň Reýnjersini utdy. Duşuşygyň goşmaça wagty 1:1 hasap bilen tamamlandy, oýundan soňky penalti seriýasynda Aýntraht 5:4 hasap bilen ýeňiş gazandy.

Ýene degişli makalalar

Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň tutluşyklaryna nirede tomaşa edip bolar?
Kaka etrabynyň okuwçylary halkara olimpiadasynda ýeňşe dalaşgärleriň 765-siniň arasynda iň güýçlileriň onlugyna girdiler
22.12.2017 | Talyp sporty“- ýurduň iň güýçli futzal topary
Futzal boýunça milli birinjiligiň ýeňijisi belli boldy