Sudanda Çaknyşyklar Sebäpli 460 Adam Ýogaldy

Sudanda Çaknyşyklar Sebäpli 460 Adam Ýogaldy

Sudanyň Saglygy goraýyş ministrligi, harby goşun bilen HDK güýçleriniň arasynda 15-nji aprelde başlan çaknyşyklarda häzire çenli 460 adamyň ýogalandygyny mälim etdi.

Ministrlik tarapyndan berlen beýannamada, 11 welaýatda dowam edýän çaknyşyklarda 4 müň 63 adamyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Beýannamada, soňky iki günde ýaralananlaryň we ýogalanlaryň sanynyň azalandygy bellenildi.

Hassahanalaryň kadaly ýagdaýda işlemegi üçin degişli çäreleriň görlendigi ýatladyldy.

Sudanyn paýtagty Hartumda we beýleki şäherlerde 15-nji aprelde ir ertir Sudanyň harby goşuny bilen HDK harby güýçleriniň arasynda çaknyşyklar başlapdy.

Harby goşun bilen HDK-nyň arasynda, “HDK-nyň dolulygyna harby goşunyň hataryna goşulmagyny” göz öňünde tutýan harby howpsuzlyk reformasy meselesinde birnäçe aý dowam eden düşnüşmezlik çaknyşyklara öwrülipdi.

Ýene degişli makalalar

“Ewakuasiýa Işlerimiz Raýatlarymyz Ýurda Getirilýänçä Dowam Eder”
Sudandaky Çaknyşyklar Dowam Edýär
BMG, Sudanda Türk Ilçisine Guralan Hüjümi Ýazgardy
Sudandaky Çaknyşyklarda Ýogalanlaryň Sany 822 Adama Ýetdi
Sudanda Hüjümleriň Bes Edilmegi Boýunça Gazanylan Ylalaşyk Güýje Girdi
Sudandaky Çaknyşyklar Dowam Edýär