Sudandaky Çaknyşyklarda Ýogalanlaryň Sany 822 Adama Ýetdi

Sudandaky Çaknyşyklarda Ýogalanlaryň Sany 822 Adama Ýetdi

Sudanda harby goşun bilen HDK güýçleriniň arasynda aprel aýyndan bäri dowam edýän çaknyşyklarda ýogalanlaryň sany 822 adama ýetdi.

Sudanyň Lukmanlar arkalaşygy tarapyndan berlen beýannamada, çaknyşyklar sebäpli paýtagt Hartum bilen birlikde el Ubeýd we Günbatar Darfur welaýatlarynda ýogalanlar bilen birlikde asuda ilatdan jemi 822 adamyň ýogalandygy, 3 müň 215 adamyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Sudanyň paýtagty Hartum bilen birlikde beýleki şäherlerde 15-nji aprelde Sudanyň harby goşuny bilen HDK güýçleriniň arasynda ýaragly çaknyşyklar başlapdy.

Sudanyň harby goşuny bilen HDK-niň arasynda dowam edýän çaknyşyklaryň bes edilmegi üçin Saud Arabystanynyn Jidde şäherinde taraplaryň arasynda geçirlen gepleşiklerde 11-nji maýda “Jidde jarnamasy” kabul edilipdi.

Ýene degişli makalalar

Sudanda Çaknyşyklar Sebäpli 460 Adam Ýogaldy
“Ewakuasiýa Işlerimiz Raýatlarymyz Ýurda Getirilýänçä Dowam Eder”
Sudandaky Çaknyşyklar Dowam Edýär
BMG, Sudanda Türk Ilçisine Guralan Hüjümi Ýazgardy
Sudanda Hüjümleriň Bes Edilmegi Boýunça Gazanylan Ylalaşyk Güýje Girdi
Sudandaky Çaknyşyklar Dowam Edýär