Sudandaky çaknyşyklar dowam edýär

Sudandaky çaknyşyklar dowam edýär

Şaýatlaryň habar bermegine görä ýurduň goşuny Hartum şäheriniň Şejera etrapçasynda ýerleşýän we strategik ähmiýete eýe bolan Sowutly birikmeler ştabyny nyşana Tiz operatiw güýçlerini agyr artilleriýa hüjümleri bilen sebitden çekilmäge mejbur etdi.

Umdurman şäheriniň ýaşaýjylary hem Ýöriteleşdirilen güýçler tarapyndan goldanýan goşunyň sebitiň ýaşaýjylarynyň öýlerine ýerleşen Tiz operatiw güýçlerini çykarmak üçin operasiýalaryny dowam etdirýändigini mälim etdi.

Bahri şäherinde hem taraplaryň arasynda berk çaknyşyklar başdan geçirilýär.

Beýleki tarapdan Ýaragly güýçler tarapyndan berilen beýanatda Goşun serkerdesi Abdulfettah al-Burhanyň meýletin ýagdaýda goşunyň düzümine goşulmak isleýän ýaşlaryň kabul edilmegi we front üçin taýarlanmaklary üçin serkerdelere görkezme berendigi mälim edildi.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdoganyň Yraga Guran Sapary
Zelenskiý musulman esgerler bilen agzaçarda duşuşdy
Müsüriň Garşy Durmalary
Sudandaky Çaknyşyklar Dowam Edýär
Sudanda Guralan Howa Hüjüminde 43 Adam Ýogaldy
Sudan Dartgynly Bolmagynda Galýar