Sungat we serpaý

Sungat we serpaý

Geçen aýyň ahyrlarynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda 80-den gowrak edebiýat, medeniýet we sungat işgärini “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi diýip yglan etmek hem-de olary sylaglamak barada karar çykardy, şeýle-de 12 adama “hormatly atlary” dakmak barada permana gol çekdi.

Munuň yzýany Türkmenistanyň mejlisi prezidentiň agtygy Kerimgula-da serpaý gowşurmak barada karar kabul etdi.

Mejlisiň kararynda Kerimguly “ýaş kompozitor”, “aýdymçy” we “sazanda” atlandyryldy.

Iýulyň başynda “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri bu bäsleşigiň ýeňijileriniň özlerine berlen baýraklaryň bahalaryny öz jübilerinden töländiklerini habar berdi. Bu maglumaty Azatlygyň hökümete ýakyn ynamdar çeşmesi hem tassyk etdi.

Bu maglumatlaryň fonunda Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sany Türkmenistanda medeniýet we sungat äleminiň örüsinden, döredijilik işgärleriniň döwlet tarapyndan höweslendirilmeginden hem-de munuň döredijilik ylhamyna ýetirmegi ahmal täsirinden söhbet açýar.

Gepleşigimize Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hallyny çagyrdyk.

Ýene degişli makalalar

Ýagşylykda, adamlary birleşdirmekde ýatlanýan ýazyjy
Zyýat Hil konditer dükanlary dürli hili tagamly tortlary we köke önümlerini hödürleýär
Bu gezek ýeňiş gazanmak başartmady
UEFA Ýewropa Ligasynda 3-nji saýlama oýunlarynyň ilkinji tapgyry şu gün başlar
Öňünden çykany ýeňýär
Çempionlar Ligasynda 3-nji saýlama tapgyryň bijeleri çekildi
Praganyň köçelerine ilkinji wodorod awtobuslary çykdy