“Open Ocean Engineering” şereketiniň hünärmenleriniň işläp taýýarlan “Clearbot” atly özbaşdak hereket edýän gaýygy ulanmaga berildi.Gonkongyň kenarlarynda suwa goýberilen gaýyk suwdaky plastik galyndylaryny ýygnaýar. Şereket 2020-nji ýylda portlardaky we derýalardaky plastmassa galyndylarynyň deňziň düýbüne gtmeginiň öňüni almak üçin awtonom gaýyk öndürjekdiklerini mälim edipdi. “Razer” şereketi bilen bilelikde işlenip düzülen gaýygyň uzynlygy 3 metre, ini 1,3 metre ýetýär.
Uzakdan hem dolandyryp bolunýan gaýyk, bellenen aralygy awtonom usulda hem arassalaýar. 200 kilograma çenli zibili göterip bilýän gaýyk, günde bir tonna çenli zibil ýygnaýar.Gaýyk bir gezekki zarýady bilen 4 sagat işläp bilýär.
Aýjahan Mollaýewa, S.A.Nyýazowa adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby