Syýahatçy sanynda rekord goýdy

Ortaýer deňziniň kenaryndaky Müsür Ýer ýüzüniň iň irki gökdiränleri hasaplanýan piramidalary bilen meşhurdyr.Dünýäniň iň uzyn derýasy bolan Niliň hem uly bölegi bu ýurtdan geçip, deňze guýýar. Ýurduň köp ýerini çöl emele getirýär. Şeýle tebigy we taryhy ýadygärliklere baý bolan Müsür syýahatçylaryň hem iň köp görmek isleýän ýurtlarynyň arasynda hemişe öňdäki orunlary eýeleýär.

Pandemiýanyň yzda galmagy bilen bu ýurda barýan syýahatçylaryň sanynyň hem artandygy mälim edildi.Berlen maglumatlara görä, şu ýylyň birinji ýarymynda ýurda 7 million daşary ýurtly syýahatçy barypdyr. Ýylyň ahyryna çenli 15 million syýahatçynyň gelmegine garaşylýar.

Ýurt pandemiýadan ozal 2019-njy ýylda 13 million syýahatçyny kabul edipdi. Şol ýyl bu pudakdan alnan girdeji 13 milliard dollara ýetipdi.Müsüriň Statistika merkezi agentliginiň maglumatlaryna görä, bu ýurda 2020-2021-nji maliýe ýylynda 8 million, 2021-2022-nji maliýe ýylynda 11,7 million syýahatçy barypdyr. Şeýlelikde, soňky iki ýylda syýahatçylaryň sany 46 göterim, bu ugurdan alynýan girdeji 121 göterim artyp, 10,7 milliard dollara ýetipdir.

Müsüre barýan syýahatçylaryň 62 göterimini ýewropalylar, 26 göterimini bolsa arap ýurtlarynyň syýahatçylary emele getirýär.

Müsüriň Syýahatçylyk we gadymy eserler ministri Ahmed Eýssa şu ýyl 15 million syýahatçynyň gelmegine garaşýandyklaryny, geljek ýyl bu görkezijiniň 18 milliona ýetirilmegini maksat edinýändiklerini aýtdy.Ministr Müsüre amala aşyrylýan uçar gatnawlarynyň sanynyň artdyrylmagyna hem üns berilýändigini belledi. Ýurt 2028-nji ýyla çenli daşary ýurtly syýahatçylaryň sanyny 30 milliona ýetirmegi maksat edinýär. Şol wagta çenli bu pudaga 20 milliard dollarlyk maýa goýum gönükdiriler.

Häzirki wagtda ýurtda myhmanhanalarda 215 müň otag bar.Bu görkezijiniň 500 müňe ýetirilmegi meýilleşdirilýär.

Merdan SAPAROW,

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Aşgabat şäheri boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, leýtenant.

Ýene degişli makalalar

2025-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Yslam ýurtlary Ysraýylyň Gazalylary zor bilen çykarmak meýilnamasy barada duýduryş berdiler
Howpsuzlyk Geňeşi Gaza boýunça täze rezolýusiýany kabul etdi; "Tramp parahatçylyk meýilnamasy" boýunça global agzalalyk
Al-Aksa metjidine şäherçelerde ýaşaýan Ýewreýleriň hüjümi we Günbatar Şeriýadaky metjitlere hüjümleri giňden ýazgaryldy
Türkmen dizaýneri “Azerbaijan Fashion Week” moda görkezilişine gatnaşdy
Hakan Fidan Maýamide Gaza bilen bagly geçiriljek maslahata gatnaşar
Ertir 35-nji Afrika Milletler Kubogyna badalga berler