Türkiýe ABŞ-Eýran söweşiniň öňüniň alynmagy üçin diplomatiýany ileri tutýar

Türkiýe ABŞ-Eýran söweşiniň öňüniň alynmagy üçin diplomatiýany ileri tutýar

Prezident R. T. Erdogan, diplomatiýanyň ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky dartgynlygyň ortadan aýrylmagynda uly rol oýnap biljekdigini aýtdy.

Saud Arabystanyna we Müsüre guran saparyndan gaýdyşyn uçarda metbugata beýannama beren Erdogan “Amerika bilen Eýranyň arasyndaky dartgynlygyň sebitde täze çaknyşyga we haosa sebäp bolmagynyň öňüniň alynmagy üçin elimizden geleni edýäris” diýdi.

Türkiýäniň edýän tagallasyna ünsi çeken Prezident Erdogan, ABŞ-nyň Prezdenti Donald Tramp we Eýranyň Prezidenti Mesud Pezeşkiýan bilen telefon arkarly söhbetdeşlik geçirendigini, Stambul şäherinde Daşary işler ministri Hakan Fidanyň we Eýranyň Daşary işler ministri Abbas Arakçiniň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirendigini ýatlatdy.

Diplomatiýa üçin giňişlik

“Eýrana harby hüjümiň guralmagyna garşydymyzy açyk-aýdyň beýan etdik”diýen Erdogan, taraplaryň gepleşik geçirmegi kabul etmekleriniň diýseň möhümdigini belledi.

Prezident Erdogan başdan geçirilýän kynçylyklaryň çaknyşyk arkaly däl eýsem gepleşik arkaly çözülmelidigine ünsi çekdi.

Erdogan aşakky derejede geçiriljek gepleşiklerde öňgidişlik edilmeginden soň liderler derejesinde gepleşik geçirilmeginiň peýdaly boljakdygyny ýatlatdy.

Sebitleýin dinamikalar

Sebitleýin dinamikalar baradaky soraga jogap beren Prezident Erdogan, Saud Arabystany bilen birlikde Aýlag ýurtlarynyň täze söweşiň başlamagyny islemeýändigini we meseläniň diplomatiýa arkaly çözülmegine goldaw berýändiklerini nygtady.

Erdogan bu meselä diňe harby nukdaý nazardan seretmegiň sebitde uly betbagtçylyga sebäp boljakdygyny belledi.

Prezident Erdogan “Sebitmizde gan we gözýaşy däl eýsem parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagyny we hyzmatdaşlygyň artdyrylmagyny isleýäris” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Fidan Antalýada Pakistanyň Premýer-ministri Şerif bilen duşuşdy
Daşary işler ministri Fidan Siriýanyň Prezidenti Şara bilen duşuşdy
Daşary işler ministri Hakan Fidan kärdeşleri bilen duşuşyk geçirdi
Erdogan Eýrana guralýan bikanun hüjümler sebäpli sebite uly howpuň abanýandygyny aýtdy
Fidan: ADF dünýä liderlerini kabul etdi, Türkiye bolsa diplomatik roluny giňeldýär
Pakistanyň Premýer-ministri ABŞ-Eýran gepleşiklerini seljermek üçin goňşy ýurtlara sapar gurar
Prezident Erdogan Gazagystanda resmi dabara bilen garşylandy