Türkiýe Sudanyň bitewilige we özygtyýarlygyna goldaw berýär

Türkiýe Sudanyň bitewilige we özygtyýarlygyna goldaw berýär

Türkiýäniň ABŞ-daky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sedat Önal, Ankaranyň Sudanyň jebisligine, bitewiligine we çaknyşyklaryň bes edilmegi üçin halkara derejesinde edilýän tagallalara güýçli goldaw berýändigini aýtdy.

Waşingtonda Sudan Ynsanperwer kömek gaznasy tarapyndan geçirlen maslahata gatnaşan Önal, diplomatiýanyň söweşiň bes edilmeginde uly rol oýnamaýa dowam edýändigini nygtady.

Önal “Çaknyşyklaryň bes edilmeginde dialogyň we diplomatiýanyň uly rol oýnaýandygyna ynanýarys. Çaknyşyklaryň bes edilmegini maksat edinýän sebitara we halkara tagallalara goldaw berýäris” diýdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň Arap we Afrika ýurtlaryndan jogapkär ýolbaşçysy Massad Boulosyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirlen maslahata BMG-nyň Baş sekretarynyň Ynsanperwer kömeklerden jogapkär ýolbaşçysy Tom Fletçer we ABŞ-nyň resmileri bilen birlikde Saud Arabystany, Birleşen Arap Emirlikleri, Müsür, Britaniýa, Fransiýa ýaly beýleki ýurtlardan diplomatlar gatnaşdy.

Önal Türkiýäniň Sudanyň halkyna gyssagly ynsanperwer kömeginiň berilmegine goldaw berýändigini aýtdy.

Ilçi Sedat Önal, Türkiýäniň çaknyşyklaryň başlan gününden bäri Sudana ynsanperwer kömegini bermäge dowam edýändigini ýatlatdy.

Sudanda 2023-nji ýylyň aprel aýyndan bäri harby goşun bilen RSF güýçleriniň arasynda başlan çaknyşyklar dowam edýär.

Çaknyşyklar onmüňlerçe adamyň ýogalmagyna we millionlarça adamyň öýüni terk etmegine sebäp boldy.

2025-nji ýylyň oktýabr aýynda RSF güýçleri Demirgazyk Darfur sebitiniň paýtagty Al-Faşiri ele geçirdi.

Ýerli we halkara guramalar RSF-niň asuda ilaty gyrgyna berýändigini mälim etdi. Synçylar hüjümleriň ýurduň dargamagyna sebäp bolup biljekdigi dogrusynda duýduryş berdi.

Ýene degişli makalalar

Nesilden nesle geçýän dissidentler ýurdy. SSSR dargamazynyň öňüsyrasynda, respublikalardaky milli hereketler. Türkmenistan
RSF: Türkmenistan metbugat azatlygynda 177-nji boldy
RSF: Türkmenistan metbugat azatlygynda 177-nji boldy
RSFSR-iň Ýokary Sowetiniň iň soňky başlygy Hasbulatow aradan çykdy
Russiýaly aktrisa Irina Miroşniçenko aradan çykdy
"Rus halky biziň uly doganymyz": SSSR respublikalarynyň gimnleri rus halkyny nädip wasp etdi; ony kolonizasiýa hasaplap bolarmy