Tähranyň juma namazynyň hatyby: Halkyň duşmanlary bidüzgünçylygiň yzyndadyrlar

Tähranyň juma namazynyň hatyby: Halkyň duşmanlary bidüzgünçylygiň yzyndadyrlar

Tähranyň juma namazynyň hatyby soňky bidüzgünçilikler barada gürrüň berip halkyň duşmanlary bidüzgünçilik gözleýärler diýdi.

Mahsa Aminiň ölüminden köp sanly eýran halkynyň gynanyp, kazyýet lukmançylygynyň işiniň netijeleriniň yglan edilmegine garaşýan wagty käbir protest ýygnaklary Tähran we käbir şäherlerde geçirildi we jemgyýetçilik emlägine zyýan ýetdi.

IRNA-nyň habaryna görä, "Siýed Ahmad Hatami" şu hepdäniň juma güni Tähranda geçirilen juma namazda soňky bidüzgünçiliklere yşarat edip bir watandaşymyzyň ölümi gynanç döredýär we maşgalasyna gynanç bildirýäris we olara sabyr arzuw edýäris diýdi.

Tähranda juma namazynyň hatyby sözüniň dowamynda bu ýagdaýda ýurduň ähli resmileri girdiler, prezident, kazyýet başlygy we kanun çykaryjy bölümiň başlygy bu meselä uns berdiler we bu meseläniň berk yzarlanmagyny nygtadylar we bu wezipeli adamlar ulgamyň howandarlarydyr, biz öz ynamdarlarymyza doly ynanýarys we adamlar bu ugurdaky ynamdarlaryň sözlerine-de ynanýarlar we yzarlamalar we netijeler hökman halka aýdylar diýip sözlerine goşdy.

Ahmad Hatami şeýle hem Mahsa Aminiň ölüminden öň uzak wagt bäri halkyň duşmanlary kynçylyk döretmek üçin bahana we mowzuk gözleýärdiler ýöne üstünlik gazanyp bilmeýärdiler diýip beýan etdi.

Tähranda juma namazynyň hatyby şeýle-de bu gozgalaňçylar üçin möhüm däl ýeke-täk zat bu aýalyň meselesidi, sebäbi häkimiýetler çynlakaylyk bilen wakany yzarlaýarlar diýdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň ynsanperwerlik kömegi üçin Owganystandan hoşallyk hatlary geldi
“Azerbaýjan Bilen Edýän Gatnaşyklarymyzy Pugtalandyrmak Isleýäris”
Salih Al Aruriniň Janyna Kast Edilmegi ABŞ-na Ýaramaz Täsirini Ýetirer
Eýran Bilen Ermenistan Ykdysady Gatnaşyklaryny Ösdürmek Isleýär
Ali Hamaneý, Yslamy Jihad Hereketiniň Baş Sekretaryny Kabul Etdi
Serdar Azmun Türkmenistana garşy oýna gatnaşmak üçin Eýranyň ýygyndysyna çagyryldy