Täjigistan we Maldiwler raýatlar üçin wizasyz düzgünini girizdiler

Täjigistan we Maldiwler raýatlar üçin wizasyz düzgünini girizdiler

Nýu-Ýorkda Täjigistan bilen Maldiw adalarynyň arasynda wiza talaplaryny ýatyrmak barada ylalaşyga gol çekmek dabarasy boldy. Resminama Täjigistanyň BMG-däki hemişelik wekili Jonibek Hikmat we onuň maldiwli kärdeşi Ali Nasir Mohamed gol çekdiler diýip, Täjigistanyň DIM-ne salgylanýan Daryo.uz habar berdi.

Ylalaşyga laýyklykda, iki ýurduň raýatlary girmek, çykmak, üstaşyr geçmek we 30 güne çenli wagtlaýyn bolmak bilen wizadan boşadylýar.

Resminama ähli degişli içerki döwlet işleri tamamlanandan we diplomatik ýollar arkaly habar alşylandan 30 gün soňra güýje girýär. Ylalaşyk kesgitsiz möhlete baglaşyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ilçisi Maldiwler Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy
Türkmenistanyň Ilçisi Maldiwler Respublikasynyň Daşary işler ministri bilen duşuşdy
Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
FlyDubai awiakompaniýasynyň BAE — Türkmenistan we yzyna gaýdyş uçuş tertibi belli boldy
Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndysy 12-nji ýanwarda Pariž ― 2024-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlaryny biler