Täjigistanda kitaphana işini halkara derejede ösdürmek ara alnyp maslahatlaşyldy

Täjigistanda kitaphana işini halkara derejede ösdürmek ara alnyp maslahatlaşyldy

Duşanbe şäheriniň Milli kitaphanasynda dürli ýurtlaryň diplomatik toparlarynyň gatnaşmagynda kitaphana işiniň halkara ösüşiniň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, MIR 24 habar berýär.

Tegelek stoluň başynda geçen maslahata Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň we Günorta Koreýanyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylar ýurtlaryň arasynda kitap alyşmagy, Täjigistanyň kitaphanasynda geçýän duşuşyklary ara alyp maslahatlaşdylar. Diňe soňky 10 ýylda daşary gatnaşyklary berkitmek üçin dünýäniň 14 kitaphanasy bilen ylalaşyklaryň 21-si baglaşyldy.

Täjigistanyň Milli kitaphanasynda dünýäde täjik hem-de pars dillerindäki golýazmalaryň we metbeçilik işleriniň iň uly toplumy saklanýar.

Ýene degişli makalalar

Duşanbe şäherinde Merkezi Aziýa + Koreýa platformasynyň üçünji analitikler forumy geçirilýär
Türkmenistanyň bilim ministri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ÝOM-larynyň rektorlarynyň forumyna gatnaşýar
Prezident: Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitini elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge taýyn
Merkezi Aziýanyň önüm öndürijileriniň sergisinde döwlet Baştutanlary türkmen pawilýonyny synladylar
Türkmenistan deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär
Türkmenistanyň wekilleri Duşanbe şäherinde geçiriljek Halkara gurjak teatrlary festiwalyna gatnaşarlar