Täjigistanda türkmen işewürleriniň gatnaşmagynda dokma kärhanasy gurlar

Täjigistanda türkmen işewürleriniň gatnaşmagynda dokma kärhanasy gurlar

Täjigistan Respublikasynda türkmen işewürleriniň gatnaşmagynda dokma kärhanasy gurlup bilner. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 11-nji maýda Täjigistana saparynyň dowamynda ýurduň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda bilen duşuşygynda mälim edildi.

Duşuşykda bellenilişi ýaly, önümçilik düzümleri türkmen-täjik gatnaşyklarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenilýär. 2021-nji ýylda Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde Aşgabatda aýry-aýry senagat pudaklarynda bilelikdäki işlere başlamak hakynda ylalaşyklar gazanyldy. Dokma senagaty hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi.

Duşuşykda türkmen döwletiniň Baştutany Türkmenistanyň bu ugurda ägirt uly tejribe toplandygyny kanagatlanma bilen belledi. Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow Täjigistanda türkmen işewürleriniň gatnaşmagynda dokma kärhanasyny gurmak boýunça ilkinji taslamany durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine garamaga taýýardygyny nygtady.

Ozal Türkmenistanyň Prezidentiniň Duşanbe şäherinde Täjigistanyň parlament ýolbaşçylary bilen duşuşandygyny habar berdik.

Ýene degişli makalalar

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW BILEN PREZIDENT EMOMALI RAHMONYŇ ARASYNDAKY GEPLEŞIKLER
Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasynda göni we üstaşyr howa gatnawlary ýola goýlar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Emomali Rahmonyň arasyndaky gepleşikler
Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy
Türkmen wise-premýeri Moskwada GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistana amala aşyran döwlet sapary tamamlandy
Türkmenistan Täjigistanda türkmen işewürleriniň gatnaşmagynda dokma kärhanasyny gurmaga taýýar