Täjigistanyň raýaty arap lotereýasynda million dollar utdy

Täjigistanyň raýaty arap lotereýasynda million dollar utdy

Täjigistanyň raýaty Dubai Duty Free Millennium Millionaire lotereýa oýnunda bir million amerikan dollaryny utdy diýip, News.ru saýty Dubaýyň aeroportunyň metbugat gullugyna salgylanyp habar berdi.

Abduwali Ahmadali diýen täjik heniz özüniň utuşyndan bihabar, ony lotereýa oýnunyň guramaçylary baýragy gowşurmak üçin gözleýärler.

Ahmadali meşhur arap lotereýasynyň Dubaýyň halkara aeroportunyň ikinji terminalynda oýnalan 413-nji tiražynda utdy. Ol 4226 belgili utuşly petegi 16-njy ýanwarda internetiň üsti bilen satyn alypdyr.

Täjigistanlydan başga-da bu gezekki lotereýa oýnunda Şri-Lankanyň raýaty Ýasas Nalin Patirana BMW R nineT Pure motosikletini, Hindistanyň raýaty Amite Sarafe Mercedes Benz S500 awtoulagyny utupdyr.

Dubai Duty Free Millennium Millionaire lotereýasy 1999-njy ýyldan bäri geçirilýär.

Ýene degişli makalalar

Mobil oýunlarda “Subway Surfers” hemişe öňde
Dünýäniň iň owadan aeroportlary
26.02.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin sport çärelerine hem-de täze halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy
27.02.2018 | Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary ulag-kommunikasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär
2018-nji ýylda iň köp satylan oýunlar