TÄZE GELEN ERTEKI KITAPLAR BILEN TANYŞMAK

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäheriniň 75nji çagalar bagynda “Täze gelen erteki kitaplar bilen tanyşmak!” atly sesli okaýyş geçirdi.Kitaphananyň hünärmeni täze gelen erteki kitaplar barada çagalar bilen gyzykly gürrüňler geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda körpeler täze gelen erteki kitaplary uly gyzyklanma, uly höwes bilen okadylar. Çagalar öz halaýan ertekilerinden gahrymanlaryny häsiýeti boýunça goşgularyň üsti bilen aýdyp berdiler.Kitaphananyň hünärmeni ertekiler barada çagalar bilen gyzykly sorag jogaplary alyşdy.

Söhbetdeşlikde ertekilerdäki ýagşy, erbet gylyk häsiýeti gahrymanlaryň başdan geçirýän wakalary esasynda çagalara durmuşda dostluk-doganlyk gatnaşykly bolmagy, her bir ýerde çagalar bagynda, hem bir-birege kömek etmegini, hiç wagt ýalan sözlemezligi dogruçyl bolmagy düşündirdi.

Ýene degişli makalalar

Ertekiler dünýäsi
Ertekiler çagalaryň ruhy dünýäsiniň açary
Okuw-tejribe maslahaty
KITAPHANA SYÝAHAT
Kitaphana ýaş okyjylary sylaglaýar
Ýaňlansyn dünýäde çaga gülkisi